Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyňyzyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Garaşsyz ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigini köp sanly wajyp başlangyçlara ruhlandyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan tagallalar has-da işjeňleşdirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formaty berkedi. Şol sanda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler Jarnamasynyň kabul edilmegi, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilmegi we bu tagallalara Bitarap Watanymyzyň mynasyp goşant goşmagy ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny has-da beýgeldýär. Bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda, sportda we beýleki ulgamlarda dialoglaryň dürli görnüşleriniň öňe sürülmegi sabyrlylyk, birek-birege hormat, ylalaşyklylyk esasynda bilelikdäki işleriň ilerledilmegine ýardam berýär.
Garaşsyz Türkmenistan netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmen halkyny goňşy ýurtlaryň halklary bilen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, birek-birege goldaw bermek däpleri baglanyşdyrýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Täze taryhy döwürde geçirilýän halkara we sebit ähmiýetli duşuşyklardyr maslahatlar ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Siziň ýakynda Kazan şäherine amala aşyran iş saparyňyzyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren gepleşikleriňiziň dowamynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini berkarar etmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Häzirki wagtda Siziň Merkezi Aziýa sebitiniň we tutuş dünýäniň parahatçylygy ugrundaky umumadamzat ähmiýetli çagyryşlaryňyz giň goldaw tapýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini bellemek möhümdir. Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň bu merkeziň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy Birleşen Milletler Guramasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan döwletimize uly ynam bildirilýändigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň we merkeziň bilelikdäki işi, esasy maksatlara — Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.