Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 19.10.2024
2463

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

2024-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda doganlyk Türkmenistana resmi saparymyň dowamynda maňa we Gazagystanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin Size uly hormat bilen hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ruhundaky strategik hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigimizi tassyklan bu saparyň netijelerine ýokary baha berýärin. Esasy ugurlar boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar, gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Görnükli şahyr hem-de filosof Abaý Kunanbaýew baradaky hakydanyň ebedileşdirilendigi üçin gazak halky Size hoşallyk bildirýär. Siziň goldaw bermegiňizde Aşgabatda açylan ýadygärlik gazak-türkmen dostlugynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, Sizi beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýaryn. Forum akyldar şahyra çuňňur hormatyň aýdyň nyşany, şeýle hem doganlyk türki halklaryň umumy medeni mirasyny kemala getirmekde möhüm ädim boldy. Bu şanly sene mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglanmagym meniň üçin uly hormatdyr. Bu sylagy beýik türkmen şahyrynyň baý edebi mirasyny ýaýmakda we şöhratlandyrmakda Gazagystanyň goşandyna berlen ýokary baha hökmünde kabul edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, köpugurly döwletara gatnaşyklarymyzy giňeltmegiň bähbidine Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge berk ygrarlydygymy tassyklamak bilen, doganlyk Türkmenistanyň abadançylygynyň we ösüşiniň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde Size täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow