Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 11.10.2024
1115

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.

Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, akyldar şahyryň ýubileýiniň bellenilýän günlerinde Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hanym Neda Berger Arkadag şäherinde VI Wena balynyň üstünlikli geçirilendigini we bu möhüm çäräniň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän ýylda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi. Myhman sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde guralan Wena balyny üstünlikli geçirmäge beren ýardamy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, döredijilik çäresi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Munuň özi Türkmenistanda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Geçen ýyllaryň dowamynda Milli Liderimiziň goldawy bilen “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi, Türkmenistanda Wena ballary geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, hanym Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda onuň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
12.06
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow