Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 16.01.2017
2070

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Balkan welaýatynyň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna, sebiti ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryna, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň meseleleri, senagatyň netijeliligini we eksport kuwwatyny artdyrmak, gazhimiýa we himiýa senagatyny, ulag ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti himiýa senagatyny ösdürmek üçin ýerli çig mallary has giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Önümçiligi hünärmenleri taýýarlamak we işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek işi bilen utgaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz munuň öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion usullary iş ýüzünde ornaşdyrmagyň göni ýoludygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wajyp halkara üstaşyr-ulag geçelgesi hökmünde Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz menziliniň ägirt uly gurluşyk taslamasynyň aýratyn derejesini belledi. Welaýatyň toplumlaýyn ösdürilmegi pudaklaryň ýöriteleşdirilmeginiň halk hojalygynyň ähli ulgamlary, ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň ösdürilmegi bilen netijeli sazlaşygy bilen utgaşdyrylmalydyr, diňe şeýle ýagdaýda senagat önümçiliginiň netijeli ösüşini hem-de adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny gazanyp bolar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda amala aşyrylmaly wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Maslahatda şeýle hem hukuk düzgüniniň we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, kanunçylygyň, mili bähbitleriň goragynyň, şahsyýetiň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginde harby we hukuk goraýjy gulluklara aýratyn orun degişlidigi bellenildi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow