Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 27.09.2024
494

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin. Birleşen Ştatlar hemişe Siziň ýurduňyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny goldaýar.

Türkmenistan bilen ABŞ hyzmatdaşlyk ruhunda öz halklary, dünýädäki ähli adamlar üçin has gowy geljegi gurýarlar. Ýurtlarymyz howanyň üýtgemeginiň esasy sebäbi bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda bilelikde işleýärler. Şeýle hem biz durnukly oba hojalygyny ýöretmegiň tejribesini ilerletmek boýunça hyzmatdaşlyk edýäris.

Men Siziň bilen hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary bilen geçen ýyl “С5+1” görnüşinde geçen birinji sammitde duşuşandygyma şatdyryn. Geljek ýyllarda umumy maksatlarymyzy ilerletmekde has gowy netijeleri gazanjakdygymyza tüýs ýürekden umyt edýärin. Size we ähli türkmen halkyna milli baýram bolan Garaşsyzlyk gününi uly şatlyk bilen baýram etmegiňizi arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Jozef Baýden,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hindistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine, dostlukly halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Müňýyllyklaryň dowamyndaky medeni alyşmalar häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy bolup durýar. Dünýä belli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli açylan medeni-seýilgäh toplumynda meşhur hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň heýkeline hem orun berilmegi halklarymyzyň birek-biregiň medeniýetlerine goýýan sarpasynyň nyşanydyr. Hindistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli, köpugurly gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Draupadi Murmu,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Koreýa Respublikasy we Türkmenistan ähli ulgamlarda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Hususan-da, iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparymyň özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da çuňlaşdyrandygyna aýratyn ähmiýet berýärin.

Koreýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara ynanyşmak ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin. Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ýun Sok Ýol,

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Belarus Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Dostlukly, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, Minsk bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açyp biljekdigimize ynam bildirýärin.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, ähli meýilnamalaryň amala aşmagyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Aleksandr Lukaşenko,

Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we Siziň ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin.

Kim Çen Yn,

Koreýa Halk Demokratik
Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Serbiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza hem-de onuň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy iberýärin.

Serbiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dostluk we özara düşünişmek ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Aleksandr Wuçiç,

Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Ýurtlarymyz syýasat, energetika, ulag, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýaryn. Rumyniýa Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeň goldaýar. Munuň özi sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga, gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýär.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Klaus Werner Ýohannis,

Rumyniýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Siziň Alyhezretiňiz, Ysraýyl Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Size hem-de ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Geçen döwürde Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti döretdi, raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrdy, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrdy. Bu ykdysady we syýasy üstünlikler ýurduňyzyň ýolbaşçylarynyň öňdengörüjilikli syýasatynyň güwäsi bolup durýar.

Ysraýyl Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Biziň umumy maksatlarymyz hem-de özara bähbitlerimiz hyzmatdaşlyk üçin berk binýat döredýär.

Şu dabaraly günde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýene-de bir gezek beýan etmäge rugsat ediň!

Hormatlamak bilen,

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygymy tassyklamak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Zelenskiý,

Ukrainanyň Prezidenti.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow