Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 26.09.2024
271

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siziň ýurduňyz ykdysady we durmuş ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe barýar, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolýar.

Rus-türkmen gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürilýär. Moskwa hem Aşgabat işjeň syýasy dialogy alyp barýar, dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz esasynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigimize ynanýaryn.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, üstünlik, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan döwlet işlerinde täze üstünliklere eýe bolýar, sebit we halkara derejedäki orny barha ýokarlanýar. Strategik hyzmatdaş hökmünde hytaý tarapy muňa tüýs ýürekden guwanýar.

Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşdyk, bilelikde hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarylandygyny yglan etdik. Men özara bähbitli hytaý-türkmen gatnaşyklaryny yzygiderli ilerletmek üçin mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn.

Türkmenistana ösüş we rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň ähli doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlamak hem-de Size iň gowy arzuwlarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Doganlyk Türkmenistanyň okgunly ösüp, milli bitewüligini, medeni-taryhy mirasyny, däp-dessurlaryny saklap galýandygy ýakyn dostlar hökmünde bizi begendirýär.

Biziň berk syýasy erk-islegimiz, bilelikdäki tagallalarymyz bilen özara hormat goýmaga, birek-biregi goldamaga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn. Ýokary derejedäki açyk we netijeli dialogyň işjeňleşdirilmeginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy biziň kuwwatymyza, mümkinçiliklerimize laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarjakdygy şübhesizdir.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, egsilmez güýç-gaýrat, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna we Türkmenistanyň Hökümetine mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup goldandygymyza hemişe buýsanýarys. Biz Türkmenistany ata-babalarymyzyň Watany hasaplaýarys. Ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagy örän guwandyryjydyr.

Siziň Alyhezretiňiz, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýetip gelýän baýram — dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk dileýärin.

Masud PEZEŞKIAN,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Azerbaýjanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzirki wagtda Türkmenistan durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu ajaýyp günde Size abadançylyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşynda gazanylan uly üstünliklere daýanyp, durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Parasatly we bitarap daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary ýola goýmaga oýlanyşykly çemeleşilmegi netijesinde Türkmenistan halkara bileleşikde uly abraýa eýe bolýar. Şunda Siziň hyzmatlaryňyz örän uludyr. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduňyzyň döredijilik ýoluny üstünlikli dowam etdirjekdigine hem-de kuwwatly, gülläp ösýän döwleti gurmak işinde täze sepgitleri eýelejekdigine ynanýaryn.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerinden ugur alyp, strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak ugruna berk ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen köpugurly döwletara gatnaşyklarymyza täze itergi berjekdigimize, gazak-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza, şol sanda tutuş Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, şu dabaraly günde Size jogapkärli döwlet işiňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Ispaniýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Jenap Prezident, Size abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalar bilen,

FILIPP VI,
Ispaniýanyň Patyşasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size bagtyýarlyk, ýurduňyzyň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin.

NARUHITO,
Ýaponiýanyň Imperatory.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki döwürde Siziň parasatly baştutanlygyňyz, öňdengörüjilikli syýasatyňyz netijesinde Türkmenistan milli döwletliligiň däplerine hem-de ýörelgelerine eýerip, durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazanýar.

Iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhyň, medeniýetiň umumylygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigimize, halkara guramalaryň çäklerinde bilelikdäki işimizi dowam etdirjekdigimize we giňeltjekdigimize ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymyzy, iň gowy arzuwlarymyzy ýollamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Ýurduňyzyň ýolbaşçylarynyň döredijilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan ösüş we rowaçlyk ýolunda uly üstünlikleri gazandy, şeýlelikde, halkara giňişlikde mynasyp orny eýelemegi başardy. Biz ygtybarly strategik hyzmatdaşymyzyň bu gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýäris.

Biz Türkmenistan bilen baý taryhy däplere, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Täjigistan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy halklarymyzyň hem-de ýurtlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ösüşiň täze belentliklerine çykarjakdygymyza ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin!

Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki işimiziň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Ermenistan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýär.

Türkmenistana boljak saparymyň barşynda biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine ermeni-türkmen hyzmatdaşlygynyň täze ýollaryny kesgitlejekdigimize tüýs ýürekden umyt edýärin.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Waagn HAÇATURÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow