Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 25.09.2024
1771

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Taryhy-medeni kökleri bir bolan doganlyk halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna şatdyryn. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siz çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ýokary döwlet wezipesindäki yzygiderli tagallalaryňyz bilen syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, halkara meseleleriň oňyn çözülmegine goşant goşýarsyňyz. Ýurduňyzyň we halkyňyzyň bähbidine alyp barýan köpugurly, giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da belende götermek ugrunda öňde goýan maksatlaryňyza ýetmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň we doganlyk halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ählumumy durnuklylygyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Size we Siziň ýakynlaryňyza iň gowy arzuwlar bilen,

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany,
“Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow