Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkymyzyň abadançylygy — özgertmeleriň baş maksady
Hepdäniň wakalary
Halkymyzyň abadançylygy — özgertmeleriň baş maksady
Çap edildi 23.09.2024
919

Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görülýär. Bu taryhy sene durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzy depginli ösdürmäge, jemgyýetiň aň-paýhas, ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge, sebit we halkara derejede deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 16-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň, pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, pagtaçylar üçin zerur iş şertleriniň döredilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny nygtady. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinlere ideg etmek babatda görkezmeler berildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak meselelerine aýratyn üns çekildi.

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilen ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary, hususan-da, sebit howpsuzlygy, ykdysadyýet, daşky gurşaw babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly meselelere aýratyn üns çekmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Germaniýanyň diplomatik gatnaşyklarynyň güýçlendirilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek, ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin owgan halkyna kömek bermegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyn gurluşygyny, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” mesele boýunça dialogy işjeňleşdirmegi, eýýäm ýakyn geljek üçin gatnaşyklaryň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi. Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de höweslendirmegiň, giň ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Ulag-kommunikasiýa, himiýa we dokma senagaty, suw hojalyk ulgamy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Mundan başga-da, german kompaniýalary Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýet taslamalaryny amala aşyrmaga, ýurdumyzda şäher düzümleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, innowasion dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda özara tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy.

19-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. YÖB-niň ýolbaşçysy bu halkara maliýe guramasynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän, netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan ýurdumyz bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Türkmenistanyň Yslam ösüş bankyna 30 ýyllyk agzalygynyň dowamynda bu bank ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlarda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bankyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň mejlisine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk boýunça meseleler bar. Şeýle-de Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, uglewodorod serişdeleriniň goşmaça möçberini çykarmak, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, halkara maglumat ulgamlaryny ulanmak arkaly birža söwdasyny guramak, ulag ulgamyna sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada-da aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýerli çig mal esasynda demir garyndylaryny öndürýän zawodyň gurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli teklip hödürlenildi. 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna guramaçylyk toparyny döretmek, Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlary toplumlaýyn taýýarlamak boýunça maksatnamany işläp taýýarlamak, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramak babatda teklip hödürlenildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe eýerip, iş kesilen 736 raýatyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek, 1 müň 146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permanlara hem-de 134 adama ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Buýruga gol çekdi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça degişli Buýruga gol çekdi.

22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler boldy. Dostlukly ýurtlaryň Liderleri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary mundan beýläk-de köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň netijeleri boýunça hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalarynyň işe girizilmegi, düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen brifing görnüşli halkara amaly maslahaty görkezmek bolar. Nygtalyşy ýaly, bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine däl, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň we halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant bolar. Maslahat Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan netijeli özgertmeleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kuzmin bilen duşuşygy geçirildi. Onda tohumçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de oba hojalyk önümçiligine ekinleriň, şol sanda güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak meselelerine, tohumçylykda gazanylanlara, bugdaýyň täze görnüşleriniň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegine bagyşlanan “tegelek stol” duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi geçirildi. Bu çäreler türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrmak, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly meýdança boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýän ykdysady üstünlikleriň sergisi Türkmenistanyň ýeten sepgitleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi. “Garagum” myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňden açyp görkezdi.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäheriň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa zyýanyň iň pes derejesini üpjün etmek çemeleşmesi gurluşyk serişdelerini öndürmek döwründen başlap, tä desgalary ulanmaga tabşyrmaga çenli ähli tapgyrlarda durmuşa geçirildi. Şeýlelikde, şu gezekki forum ýurdumyzda sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, ösüşiň ylma we innowasiýa esaslanýan täze hil derejesine çykmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleri aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Diýarymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylyp, ýaşaýyş üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzüm göz öňünde tutulypdyr. Saýaly baglar ekilen, ýaşyl zolaklar döredilen täze seýilgäh bolsa ýaşaýyş toplumyna aýratyn bezeg berip, ýakymly howa gurşawyny döredýär.

Dabaranyň dowamynda zähmetde tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda 22-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly” atly konserti görkezmek bolar. Dabara sungat ussatlary, ýaş estrada aýdymçylary, meşhur aýdym-saz, tans toparlary gatnaşdylar.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheri ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralara görülýän taýýarlyk meselelerine üns çekildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmak, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek bu syýasatyň baş maksadydyr.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow