Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
2016-njy ýylda senagat önümleriniň ýarysyndan gowragyny hususy ulgamyň kärhanalary öndürdiler
Ykdysadyýet
2016-njy ýylda senagat önümleriniň ýarysyndan gowragyny hususy ulgamyň kärhanalary öndürdiler
Çap edildi 13.01.2017
1938

2016-njy ýylda, umuman, senagat pudagynda jemi öndürilen önümiň möçberi 59,4 milliard manada ýetip, onuň ýarysyndan gowragy ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi tarapyndan öndürildi. Ähli pudaklarda diýen ýaly öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary ösüşi üpjün edildi. 2016-njy ýylyň jemleri boýunça elektrik energiýanyň önümçiligi 5 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 5,8 göterim, örme matalaryň önümçiligi 3,2 göterim, tikinçilik we örme önümleriň öndürilişi 5,2 göterim, derman serişdeleriniň önümçiligi 6,1 göterim artdy Azyk önümleriniň öndürilişi görnetin ýokarlandy. Gaýtadan işlenilen we konserwirlenen balyk we balyk önümleri 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,9 göterim, süýji-köke önümleri 13 göterim, şöhlat önümleri 19,2 göterim, miwe-gök önüm konserwleri 18,5 göterim, un 7,3 göterim, çörek önümleri 1,9 göterim, ýarma 19,7 göterim köp ondürildi. Munuň özi ýerli bazary ýurdumyzyň ýokary hilli harytlary bilen üpjün etmäge, olaryň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmaga mümkinçilik berdi. Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 210-sy guruldy hem-de 110 sanysynda gurluşyk işleri dowam edýär. Täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine hem-de 18 müňden gowrak täze iş orunlaryň döredilmegine ýardam berdi. Şunda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmeklik dowam etdiriler we has-da netije berer. Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda 2016-njy ýylda 6 desga guruldy, 58 desganyň gurluşyk işlerine girişildi, 57 desganyň taslama—çenlik resminamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýakyn geljekde bu kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ýurtda ykdysady ösüşiň depginlerine ýardam berer. Önümçilik ulgamynyň dowam edýän hususylaşdyrylmagy hem ykdysadyýetiň netijeliliginiň artmagyna ýardam berýär. “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň içinde 30 sany we degişli sanawlara laýyklykda bolsa 17 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow