Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant
Teswirlemeler
Halkara forumlar — hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant
Çap edildi 29.08.2024
693

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär.

Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda toplumynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragynyň gatnaşmagynda guralan sergi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän halkara maslahatlaryň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda 27-nji martda paýtagtymyzda guralan “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty görkezmek bolar. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler. Syýahatçylyk beýleki pudaklaryň köpüsi ýaly, diňe bir parahatçylykdan, durnuklylykdan peýdalanman, eýsem, medeni özboluşlylygy, mirasy gorap saklamaga we ösdürmäge-de ýardam berýär.

Aprel aýynda paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirilip, oňa gurama agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň, DÝHG-ä agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi, birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara, degişli Teswirnama gol çekildi. Şeýle-de mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gurama agza ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine hem-de ornaşdyrylmagyna, bu ulgamda sebitleýin, halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Şunda ýurdumyzda bu ugurda geçirilýän sergilere, maslahatlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 15 — 17-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin oňaýly şertleri döretdi. Daşary ýurt kompaniýalary dürli gaplaýjy enjamlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy we sowadyjy ulgamlaryny görkezdi. Olar gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhana, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan döwrebap düzümler, ekologiýa babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.

24-25-nji maýda şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter enjamlary, aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty, ekologiýa boýunça meseleleri çözmekde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar. Binagärlik, gurluşyk, şol sanda ýol gurluşygy ulgamynda iň soňky ylmy işläp taýýarlamalary, innowasiýalary, dürli tehnikalary hem-de ýöriteleşdirilen enjamlary özünde jemleýän köp sanly diwarlyklar bilen tanyşlyk türkmen paýtagtynyň geljegine göz aýlamaga mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ulgamda iň täze inženerçilik-gurluşyk tehnologiýalary zerur bolup durýar. Döwrebap senagat we elektron harytlary öndürijiler bolan «Aýdyň gijeler» we «Agzybirlik tilsimaty» hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Sergi şähergurluşyk, şäheriçi ulag ulgamlaryny, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, durmuş, söwda, hyzmatlar ulgamlaryny ösdürmek meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe, sagaldyş-dynç alyş toplumlary gurlup, bagtyýar çagalaryň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertleri döredilýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda, 19 — 22-nji awgustda ilkinji gezek “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi. Giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler, hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar.

Serginiň çäklerinde çagalar üçin birnäçe interaktiw zolaklar döredildi. Ýaşajyk türkmenistanlylar serginiň işiniň dowam edýän ähli günlerinde tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda döredijilik we başga-da birnäçe gyzykly oýunlar bilen meşgullandylar. Şeýle çäreler ýurdumyzyň geljegi bolan çagalara diňe bir ýatdan çykmajak täsirleri, şatlykly duýgulary bagyşlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary çäksiz alada bilen gurşap alýan, ýaş nesliň sagdyn bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi we terbiýelenmegi üçin ähli şertleri döredýän Watanymyza bolan söýgini hem artdyrýar.

 “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda daşary ýurtlaryň işewür düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda sergiler we işewürlik maslahatlary hem geçirildi. Türkmenistan goňşy döwletler, şol sanda köpasyrlyk dostlukly däp-dessurlar we taryhy-medeni umumylyklar baglanyşdyrýan Owganystan bilen dürli ugurlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. 4 — 6-njy martda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Sergide Owganystanda öndürilýän dürli görnüşli önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök önümler, miweler, azyk önümleri görkezildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde 11-nji iýunda paýtagtymyzda dostlukly döwletiň Baştutanynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ýakyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykaryldy. Nebit, gazhimiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy, ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hataryndadyr. Şeýle hem özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy möhümdir. Işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda pudaklar boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri has içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirilip, oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň forumda eden çykyşlarynda Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen forumda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Netijeli häsiýetde geçen forumyň çäklerinde tejribe alyşmak, ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berýän möhüm gepleşikler geçirilýär. Ýokary derejeli şeýle saparlaryň çäklerinde ýurdumyzyň hususy düzümleriniň wekilleriniň dostlukly döwletleriň işewürleri bilen bilelikdäki işewürlik gepleşiklerini geçirmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. 9-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, altytaraplaýyn görnüşde geçirilen bu gezekki wekilçilikli maslahat alty ýurduň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini görkezdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumda Türkmenistanyň wekilleri ýygnananlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyrdylar. Bilelikdäki işewürlik maslahatynyň çäklerinde birnäçe resminama gol çekildi we kabul edildi.

Aprel aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň işewür wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Maý aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Halkara forumyň çäklerinde geçirilen “Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem ýerleşdirilip, onda ýurdumyzyň hususy pudakda gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan kuwwatlyklary, mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşan hünärmenler uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň meseleleri bilen birlikde, gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemegiň we gazhimiýa pudaklaryna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Göçme forumda nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek barada pikir alşylyp, degişli ugurlar boýunça teklipler hödürlenildi.

Netijeli ýagdaýda geçirilen gepleşikler, işewürlik forumlary, şeýle-de ýurdumyzda guralan köpugurly sergilere gatnaşmaga daşary ýurtlardan köp sanly kompaniýalaryň isleg bildirmegi geljegi uly türkmen bazarynyň hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçiliklere eýedigine şaýatlyk edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine pugta eýerýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özara bähbitli gatnaşyklara hemişe açykdygynyň güwäsidir.

Soňky habarlar
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
top-arrow