Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.08.2024
2334

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýeri kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri Milli Liderimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz işewüri myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem BMG-niň, beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýar.

Ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen BAE-niň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatynyň ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridigini nygtady. Pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiz, eksport üçin önümleri öndürmäge gönükdirilendir. “Nebitgaz senagatyny ösdürmekde Birleşen Arap Emirlikleriniň baý tejribesi bar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň, gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini, ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň, taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, “Dragon Oil” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow