Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Çagalar hakynda alada — döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri
Teswirlemeler
Çagalar hakynda alada — döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri
Çap edildi 13.08.2024
939

Bagtyýar durmuşda ýaşaýan çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp güwäsidir. Bu çagalyk owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belentden ýaňlanýar. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli dynç almaklaryna, okamaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak meselesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şu günler diňe bir Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki teatrlarda, sirklerde, seýilgählerde däl, eýsem, Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän ajaýyp dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de dürli dynç alyş çäreleri, konsertler geçirilýär, sahna oýunlary görkezilýär. Doly derejeli dynç almak, wagtlaryny gyzykly, peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredilen dünýä derejesindäki sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsümini geçirmäge mümkinçilik alýan ýaş türkmenistanlylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu tomus olara russiýaly çagalar hem goşuldy. Olar Hazar deňziniň gözel kenarynda ýaýbaňlandyrylan “Awaza — dostluk mekany” atly çärelere gatnaşdylar. Onuň maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekden, ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr. Beýleki ýurtlardan gelen çagalara türkmen medeniýeti we sungaty, Watanymyzyň häzirki güni bilen tanyşmaga mümkinçilikleri döretmek, zehinli, bilimli çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, intellektual, ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hem çäräniň esasy wezipeleriniň biri boldy.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda çagalar dürli ýaryşlara gatnaşmak bilen, wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Mysal üçin, olar iň gowy akwagrim we asfaltda surat çekmek boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Çagalaryň ruhuny götermek, saglygyny berkitmek maksady bilen, woleýbol, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar, zehin bäsleşikleri, seýilgähe gezelenç guraldy. Dynç alşyň çäginde russiýaly mekdep okuwçylary Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde el işleriniň ussatlary olara milli senetçiligiň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, gury ýerde we suwda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça çäre, ýol hereketiniň düzgünlerine degişli ýaryşlar, “Hany, oglanlar!” we “Hany, gyzlar!” atly bäsleşikler geçirildi. Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin ýollanmalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesil hakynda hemmetaraplaýyn alada edilýändiginiň, halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň döredilmegi bilen, howandarlyga mätäç çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly derejeli gatnaşmagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň saglygyny goramak maksady bilen, ugurdaş desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Arkadag şäherindäki döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem bar. Haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň, Palestinanyň we Täjigistan Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejeriş işleri üçin çykdajylara, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy, yzygiderli atalyk aladalary esasynda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Gazna tarapyndan paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, welaýatlarda ýerleşýän beýleki hassahanalara “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna 2021-nji ýylyň tomsunda welaýatlaryň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglary satyn alyndy. Mary welaýat çagalar hassahanasyna “Savina” kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat berildi.

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar.

Döwletimiziň ene-atasyz galan çagalar hakynda aladany öz üstüne almak bilen, olaryň uly maşgala goşulyşmaklary, özlerini jemgyýetiň möhüm agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli şertleri döredýändigini bellemek gerek. Bu diňe bir kömege mätäç raýatlary goldamak üçin durmuş ugurly çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň we üýtgewsiz dessurlarynyň hem biridir. Şeýle ynsanperwer däpler çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini üpjün etmek, goramak ýaly toplumlaýyn hukuk kepilliklerini, hossarsyz galan çagalaryň durmuş ulgamyna çekilmegine, olary özbaşdak durmuşa taýýarlamaga, çagalaryň döredijilik işjeňliginiň ösdürilmegine, ýokary ahlak gymmatlyklary, watansöýüjilik esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen birnäçe çäreleri öz içine alýar.

Çagalaryň dynç alşy barada aýdylanda, her tomus möwsüminde Gökdere jülgesinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän sagaldyş merkezlerinde dürli ýaş toparlary üçin ýaryşlaryň, döwlet, halkara derejeli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaşajyk artistleriň, höwesjeň çagalar döredijilik toparlarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň gatnaşmaklarynda konsertleriň geçirilýändigini nygtamalydyrys. Mundan başga-da, sport ýaryşlary, sahna çykyşlary, çeper okaýyşlar we beýleki çäreler guralýar. 5-nji awgustda «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Dil bilen dünýäni gezer» bäsleşigi, 6-njy awgustda bolsa «Altyn damja» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda demokratik ösüşiň nusgalyk ýoly bilen» atly çäre geçirildi.

1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Bu ýörelgeler BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýada berkidildi. Türkmenistan 1994-nji ýylda bu Konwensiýa goşuldy we ösüp gelýän ýaş nesil üçin iň amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekde uly jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny tassyklady.

Däp bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tutuş ýurdumyzda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde konsertler, sergiler, ýaryşlar, sport çäreleri geçirilýär, sahna oýunlary görkezilýär. Mysal üçin, şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman bilim edaralary gurulýar, maksatnamalar, okuw kitaplary we gollanmalar kämilleşdirilýär, bilim bermegiň täze usullary, maglumat tehnologiýalary özleşdirilýär. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn, howpsuz, beden, ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri, ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri özünde jemleýän durmuş gurşawy kemala getirildi. Bilim özgertmeleri, uly möçberdäki döwlet maýa goýumlary bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň, ugurdaş düzümleriň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň we teswirnamalarynyň birnäçesini, şol sanda halkara hukuk resminamalaryny tassyklap, eneligi we çagalygy goramagyň, çaganyň hukuklarynyň meseleleri bilen gönüden-göni baglanyşykly kanunçylyk namalaryny kabul edip, Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär we ösüp gelýän ýaş nesil üçin iň amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmegiň meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşmäni görkezýär. Bu ugurdaky çäreleriň ählisi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmek meselelerine uly üns berýändigini subut edýär. Olar üçin ajaýyp bilim edaralary, sport we medeni-dynç alyş merkezleri gurulýar. Şu ýylyň 31-nji maýynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde çagalaryň wagtyny şatlykly, işjeň, manyly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda döwrebap enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we mekdepleriň, saglygy goraýyş edaralarynyň, çagalar we ýetginjekler üçin medeni merkezleriň, sport toplumlarynyň, dynç alyş merkezleriniň yzygiderli gurulýandygyny bellemek gerek.

Bedenterbiýe we sport hereketi ýyl-ýyldan giňeýär, ýokary ahlak gymmatlyklarynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen terbiýeçilik, aň-bilim çäreleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 1-nji iýunynda çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasynyň bolmagy, Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Festiwalyň geçirilmeginiň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe, sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga dürli ýaşdaky adamlary çekmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýär. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, mekdebe çenli, mekdep ýaşly çagalaryň arasynda tennis boýunça yzygiderli geçirilýän ýaryşlar onuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Bagtly çagalygyň ýurdy bolan Türkmenistanda ýaş nesliň saglygyny berkitmek meselesi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň «Çaga — ömrüň dowamy», «Çaga — gol-ganatyň», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» ýaly parasatly pähimlerinden ugur alnyp, maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň iň gowy zatlary çagalara bermek, olary aýratyn üns we söýgi bilen gurşap almak ýaly ajaýyp däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.

Bagtyýar çagalaryň ýüzündäki şatlyk, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk beýanydyr.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow