Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 11.01.2017
1333

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Jenap Abdul Malik TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamanyň möhümdigini belledi. Nygtalşy ýaly, Pakistan türkmen tarapynyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlaryny goldaýar. Döwlet Baştutanymyz we Pakistanyň doly ygtyýarly wekili medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Ylym we bilim edaralarynyň, döredijilik merkezleriniň derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow