Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Teswirlemeler
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 25.07.2024
811

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen syýasy, ykdysady, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy. Bu şanly seneler biri-biri bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyz BMG-niň belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde bilelikde tagalla etmäge taýýardyr.

Antoniu Guterrişiň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, özara hormat goýmak esasynda, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň BMG bilen köp ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ilerledýändigi nygtaldy. Sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdi bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şeýle hem ýurdumyzda BMG-niň ulgamyna girýän düzüm hökmünde Bütindünýä bankynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalary işleýär.

Gepleşikleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, ählumumy howpsuzlyga, sebit ýagdaýlaryna, durnukly ösüşe we ynsanperwer meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki şertlerde dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi zerurdyr. Bu ugurda gatnaşyklaryň yzygiderli usullaryny ýola goýmak möhümdir. Şeýle gatnaşygyň esasyny halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary düzmelidir. Türkmenistanyň geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy şol maksatlara gönükdirilendir. Ýurdumyz bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri, edaralary we institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Sebit hyzmatdaşlygynda hem uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynyň we energetikasynyň has ähmiýetli merkezine, ulag çatrygyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan sebitde pugta parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin öz wezipelerini aýdyň görýär. Merkezi Aziýada döwletara hyzmatdaşlygyň dürli gurallary ýola goýuldy. Şolaryň esasylarynyň biri hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birnäçe ýyl mundan ozal döredilen konsultatiw duşuşyklary bolup durýar. Sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan, Türkmenistan iň ýakyn goňşusy, doganlyk ýurdy bolan Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berýär. Döwletimiz Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirer, owgan halkyna geljekde-de ynsanperwerlik kömegini berer. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen TOPH gaz geçirijisiniň, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy we beýleki ençeme iri halkara energetika, ulag taslamalary durmuşa geçirilýär. Bu taslamalar goňşy döwletde ykdysady, durmuş ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslamalar boýunça işler geljekde hem dowam etdiriler. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Owganystan meselesinde merkezi utgaşdyryjy ornuň Birleşen Milletler Guramasyna degişli bolmalydygyny we bu işde Türkmenistanyň oňa ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady.

Durnukly ösüş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde möhüm we ileri tutulýan meseledir. Biziň ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan milli ugurlaryny gazanmak boýunça yzygiderli iş alyp barýar. Bu bolsa “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda” beýan edildi. Şu ýylyň maýynda «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň täzelenen düzüminiň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” kabul edildi. Ýurdumyz «Gün tertibi — 2030-a» milli derejede hem, halkara tagallalar babatda hem işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň Ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda türkmen tarapynyň şu ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe süren teklibine ünsi çekdi we bu maksatnamany durmuşa geçirmekde BMG-niň goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, suw, Aral deňzini halas etmek, ulag, energetika, azyk howpsuzlygy meseleleri hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgama, hususan-da, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny durmuşa geçirmekde, bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde özara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bu meseleleriň hemmesine jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli çemeleşýär. Bu bolsa görülýän anyk çärelerde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň dürli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň uly syýasy ýeňşi bolup durýan, onuň sebitdäki öňdebaryjy ornuny şertlendirýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýäde hem howpsuzlygyň we durnuklylygyň esaslaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wajyp ornuna üns çekildi.

BMG-niň Baş sekretary türkmen tarapynyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak başlangyjyny goldady. Bu merkez sebitiň ýurtlarynyň degişli düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we howanyň üýtgemeginiň täsirine bilelikde uýgunlaşmaga ýardam eder. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna we onuň halkara bileleşigiň häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berýär. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmaga ygrarlydygyny beýan etmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna resmi taýdan goşulýandygyny beýan edendigini bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandy nazara alnyp, BMG-niň Baş sekretary bu ýokary sylag bilen sylaglanyldy. Jenap Antoniu Guterriş hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik oglunyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady. Nusgawy şahyr öz goşgulary arkaly tutuş dünýäde agzybirlige, dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylygyň dabaralanmagyna çagyrypdyr. Munuň özi BMG-niň esasy maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesi boýunça pikir alyşmalar dowam etdirildi. Şunuň bilen birlikde, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmek, tutuş adamzat üçin durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi we bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy. Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Belent mertebeli myhman ählumumy howpsuzlygyň bitewi ulgamyny döretmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamakda Türkmenistanyň başlangyçly ornuna ýokary baha berip, türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýandygyny we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyny nygtady. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň soňky wagtda aýratyn işjeň we netijeli ösdürilýändigi, onuň giň ugurlary öz içine alýandygy bellenildi. BMG-niň Türkmenistanda işleýän we dürli ulgamlarda wajyp taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirýän ýöriteleşdirilen düzümleridir edaralary bilen gatnaşyklar hem üstünlikli ilerledilýär.

BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparynyň durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýändigi bellenildi. Türkmenistan bu Gün tertibini doly goldap, Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli we anyk çäreleri amala aşyrmaga haýal etmän girişdi. Häzirki wagtda DÖM-niň esasy ugurlary, olaryň degişli wezipeleridir görkezijileri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we beýleki konseptual resminamalara sazlaşykly ornaşdyryldy.

Milletler Bileleşigi bilen strategik dialogyň çäklerinde ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu gurama bilen bilelikde maksatnamalaryň we taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen hödürnamalaryň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegi bilelikdäki köpýyllyk işiň möhüm netijeleridir. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şu ýyl bellenilip geçilýän 300 ýyllygy dünýä ähmiýetli waka öwrüldi. Şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawynda orun aldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bu başlangyjy dünýäniň ähli döwletlerine adamzadyň ykbaly babatda öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan gapma-garşylyklary, ylalaşyksyzlygy aradan aýyrmaga, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny seljermäge, oňa taryhy we geljegiň nukdaýnazaryndan garamaga gönüden-göni çagyryş bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy ählumumy ähmiýete eýedir. Oňa hemişe isleg bildirilýär, ol oňyn häsiýetdedir. Ol ählumumy ösüşiň hem abadançylygyň gysga möhletleýin däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly onuň düýp mazmunyny emele getirýän giň dünýägaraýşy, ynsanperwer ýörelgeleri şöhlelendirýär hem-de olaryň esasy maksatlaryny durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, garaýyşlary ýakynlaşdyrmaga, parahatçylyk gün tertibini tassyklamaga, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen oňyn meýilleri kemala getirmäge ýardam berýän kuwwatly döredijilik guralyna öwürmegiň ählumumy wezipe hasaplanýandygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň degişli Kararnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyryp, BMG-niň Baş sekretarynyň şu gezekki saparyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde meýilleşdirilýän bilelikdäki işiň başlangyjy hökmünde garamagy teklip etdi. Jenap Antoniu Guterriş Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň we bu başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belläp, geljek ýylyň uly wakalara beslenjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişe uly goldawa eýe boljakdygy nygtaldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary ýurdumyza saparynyň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasyna baryp gördi. Şeýle hem belent mertebeli myhman guramanyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýerde işleýändigine we Türkmenistanyň dürli ugurlarda alyp barýan syýasatyny goldaýandygyna buýsanýandygyny belläp, Baş sekretar şu ýyllaryň dowamynda berlen kömek we goldawlar, öndürijilikli işlemek ugrunda döredilen şertler, hususan-da, täze binanyň ulanmaga berlendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Jenap Antoniu Guterrişiň belleýşi ýaly, munuň özi BMG-niň ýurt boýunça toparyna parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen ähli ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işleşmäge mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan däp bolan dialog ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürilýär we iki tarapyň hem hemmetaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny beýan edýär.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow