Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 22.07.2024
623

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyly, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan hasyly elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek üçin zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, orakdan boşan meýdanlary sürmek, ýokary hilli tohumlary taýýarlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Galla oragyna gatnaşan hyzmat edýän edara-kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen işler, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, indiki ekiş üçin ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklar öz wagtynda bökdençsiz geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm, tekizleýiş işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Geljekki ekiş möwsümi üçin bugdaý tohumlary taýýarlanylýar. Welaýatda döwlete tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar geçirilip, häzirki wagtda hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklar dowam etdirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda şu ýylyň güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, ekiş üçin gerek tohumlary taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý oragyndan boşan meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamak babatda görkezmeleri berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragy tamamlanan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin tohumlary taýýarlamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler, ýerine ýetirilen işler üçin hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gallaçy daýhanlarymyzyň tutanýerli, yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli tohumlar taýýarlanylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, olaryň tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň elewatorlara, ammarlara ýitgisiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini, önüm öndürijiler, hyzmat edýän edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilmegini, azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
07.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
07.09
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 20-nji sany çapdan çykdy
07.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany ANNAMYRADOW Ş.H. hakynda
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany E.Ý.AŞYROW hakynda
06.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.A.GOŞJANOW hakynda
06.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
06.09
Ýaş zehinleriň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow