Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi
Çap edildi 12.07.2024
1967

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, obasenagat toplumynda gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan beýik özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, olar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri hem tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde durmuş, önümçilik maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda möhüm orny eýeleýän senagat toplumlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, saglygy goraýyş edaralary, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär. Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzy täze ýeňişlere, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Oba zähmetkeşleri döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ajaýyp zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna goşulýan mynasyp goşantdyr.

“Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza şanly waka mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.

Çagalar hormatly Prezidentimizi bereketli türkmen topragynda bol galla hasylyny ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň öndürijilikli zähmetini, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işleri wasp edýän goşgulary okadylar. Şahyrana setirlerde Watanymyzyň sahawaty, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şatlykly wakalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler öz beýanyny tapýar.

Ähli welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri hormatly Prezidentimize ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlary gowşurdylar. Soňra döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Wise-premýer döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan ýörite dokalan halyny sowgat hökmünde gowşurdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gazanylan ajaýyp üstünlik bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri hem daýhanlarymyzyň bu zähmet ýeňşi bilen hormatly Prezidentimizi gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylary, oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy
23.03
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
22.03
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
21.03
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
21.03
B.B.Ataýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
21.03
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
top-arrow