Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi
Sport
Türkmenistanda Aziada 2017-niň hormatyna köpçülikleýin maşklar geçirildi
Çap edildi 10.01.2017
2612

Şu gün ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edaralarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Bu iri möçberli çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de häzirki wagtda ýarpy ýoluny geçen we ýaryşlaryň başlanmagyna galan 250 güni sanap başlan atly ýörişe gabatlanyp geçirilýär. 17 atlynyň gatnaşmagynda ahalteke bedewlerinde Döwlet baýdagy, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagy hem-de Aziýa oýunlarynyň alawynyň nyşany bilen tutuş ýurdumyzyň çäginden geçýän 500 günlük atly ýörişiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralandygyny ýatladýarys. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň geçen ýylyň fewral aýyndaky mejlisinde öňe sürdi. Ýörişiň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerine we ajaýyp künjeklerine baryp görerler. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda bu çäräniň ildeşlerimiziň, ilkinji nobatda bolsa ösüp gelýän nesliň Watanymyzyň örän baý taryhyna gzyklanmalaryny artdyrjakdygyny belledi. Türkmenistanyň ähli sebitleriniň çäklerinden geçýän atly ýöriş Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde biziň gazanan üstünliklerimizi we ýeten sepgitlerimizi giňden wagyz etmäge ýardam berer. Tutuş ýurdumyzda bu örän iri ýaryşlaryň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýar, sebäbi V Aziýa oýunlary bu ugurda görlüp-eşidilmedik bäsleşikler bolar. Birinjiden, bu oýunlar yklymyň çäklerinden çykar. Aziýanyň 45 toparyndan başga-da, oňa Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň ýygyndy toparlary gatnaşar. Mundan başga-da, Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşiniň girizilmegi hem özboluşly rekord sandyr. Şeýle iri möçberli bäsleşikleriň ýokary derejede guralmagy Türkmenistanyň halkara sport derejesindäki abraýyny belende göterer. Aziadanyň jň ýanynda Aşgabat iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä Aziýa çempionatlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Mysal üçin, geçen ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň sport toplumlarynda iň güýçli daşary ýurt türgenleriniň gatnaşmagynda milli göreş, guşakly göreş, sambo, tennis, ýeňil atletika we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Her gezek türkmen türgenleri çekeleşikli bäsleşiklerde umumytoparlaýyn hasapda ýeňijilur bolup çykdylar. Munuň özi 2017-nji ýylyň Oýunlarynda biziň ildeşlerimiziň ussatlyk hem-de ýeňşe bolan erki görkezip, öňd-ki orunlary eýelejekdiklerine ynam döredýär.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow