Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Teswirlemeler
Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Çap edildi 11.07.2024
813

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistany Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan, taryhyň dowamynda emele gelen dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara hereketleri ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýär. Bu babatda Koreýa Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary üstünlikli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady, amala aşyrylan hem-de meýilleşdirilýän bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Belent mertebeli myhman ýurdumyza şu ýylyň iýunynda döwlet sapary bilen geldi. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklara we maýa goýum işine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki ugurdaş düzümleriň — hökümetara toparyň we işewürler geňeşiniň netijeli işiniň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Energetika, senagat, sanly tehnologiýalar, ekologiýa we howanyň üýtgemegi hem-de beýleki birnäçe ulgamlar esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, gürrüňiň häzirki döwürde Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygy bellenildi. Türkmenistanda ol “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasy diýlip atlandyrylýar. Şähergurluşyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlandy. Ol tehniki we tehnologik häsiýetnamalary boýunça özboluşly, täze ölçeglere esaslanýan «akylly» şäheriň nusgasy bolup durýar. Ýakyn geljekde ýene-de bir örän iri taslamany — «Aşgabat-sitini» durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Koreý kompaniýalary bu ugurda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler.

Ynsanperwer ulgam türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, parlament diplomatiýasyny ösdürmek ugrunda tagalla edilýär. 2023-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň Seulda geçirilen birinji maslahatyna gatnaşmagy muňa mysal hökmünde görkezildi. Forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Jarnama laýyklykda, şu görnüşdäki ikinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gepleşikleriň barşynda halkara syýasatyň wajyp meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ählumumy, sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki işi dowam etdirýärler. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda özara hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. 2023-nji ýylda Aşgabatda onuň 16-njy forumy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde sebitiň ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldamaga taýýardygy tassyklanyldy. Ony şu ýylyň 7-nji iýunynda dostlukly döwletiň Hökümeti yglan etdi we ol Merkezi Aziýa boýunça şeýle görnüşdäki ilkinji strategiýa bolup durýar.

Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Ýun Sok Ýol bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky gürrüň dowam etdirildi. Bu duşuşyk belent mertebeli myhmanyň saparynyň ikinji gününde geçirilip, onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri, ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Bu forum möhüm waka bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berdi. Yzygiderli geçirilýän şeýle çäreler özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň gurallaryny işläp taýýarlamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär.

Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýändigi hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Bu babatda amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetiň nebit, gazhimiýa, energetika, ulag-kommunikasiýa toplumy, logistika, gämi gurluşygy, senagat, gurluşyk we infrastruktura, oba hojalygy ýaly geljegi uly ugurlary, ekologik taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de beýlekiler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini ep-esli artdyrmak üçin hem giň mümkinçilikler bar. Iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän innowasion ykdysady strategiýasy uzak möhletli hyzmatdaşlyk, onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýar.

Ýaponiýa hem Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogy görnüşindäki hyzmatdaşlyga hem okgunly häsiýet mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, bu dialoga gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň öňde boljak birinji sammitine aýratyn ähmiýet berilýär.

Söwda-ykdysady, işewürlik gatnaşyklary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Dostlukly ýurduň iri kompaniýalary Türkmenistanda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, hususan-da, gaz we himiýa senagaty pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli düzümleýin taslamalara gatnaşyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar.

Senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalary hasaba alnanda, häzirki wagtda işewürlik we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu mesele türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen 27-nji iýunda geçiren duşuşygynda gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda myhmanlar Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de munuň üçin öz baý tejribesini, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Parlamentleriň ugry boýunça däp bolan döwletara dialogyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Bu ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň we tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen 14-nji maýda geçiren duşuşyklarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň parlament diplomatiýasynyň gurallaryny netijeli herekete getirmek hem-de Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly orun degişlidir. Türkmenistan we Ýaponiýa däp bolan ylym-bilim, medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändiklerini tassykladylar. Şunda biziň ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň we Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary oňyn mysallaryň hatarynda görkezmek bolar. Bularyň ählisi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň netijeliliginiň hem-de uzak möhletlidiginiň, durnuklylygynyň we okgunly ösdürilýändiginiň güwäsidir.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hem köpugurly, strategik häsiýete eýedir. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär. Munuň özi döwrüň häzirki ýagdaýlaryndan ugur alyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iki gezek — ýanwar aýynda döwlet sapary, maý aýynda bolsa “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen HHR-de bolandygyny bellemek gerek. Şeýle hem geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” ýokary derejeli üçünji forumyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistan we Hytaý ählumumy, sebit meýdançalarynda netijeli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Oňyn teklipleri we başlangyçlary ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar. Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklara hem-de hoşniýetli erk-islege daýanýan däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue bilen şu ýylyň 18-nji maýynda geçiren duşuşygynda hem ýene bir gezek tassyklanyldy.

Hytaýyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran bu saparynyň maksady beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralara, şeýle hem “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” forumyna gatnaşmakdan ybarat boldy. Bellenilişi ýaly, şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi gözbaşyny Beýik Ýüpek ýoly döwürlerinden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda özara gyzyklanmalaryň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa iki tarap üçin hem bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri açýar. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir. Şunda amala aşyrylan XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy tagallalaryň netijeli birleşdirilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji türkmen tebigy gazynyň dostlukly ýurda bökdençsiz iberilmegini üpjün edýär. 

Biziň ýurtlarymyz ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkara utgaşykly ugurdaş düzümi kemala getirmek üçin ähli şertlere we mümkinçiliklere eýedirler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasynyň hem-de Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasynyň garaýyşlar babatda ýakyndygy hem-de sazlaşýandygy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ýola goýlan yzygiderli gatnaşyklar hem döwletara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýär. Şunda parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň ähmiýeti uludyr. Oňyn syýasy dialog, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de olaryň arasynda özara düşünişilmegine ýardam berýän medeni-ynsanperwer ulgam hem netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen 11-nji iýunda geçiren duşuşygynda bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Onda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalaryny, senagat pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalary hasaba almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselesine üns berildi. Şunda netijeli türkmen-malaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Şeýlelikde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, sebit we sebitara derejede oňyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine goşant goşmaga ygrarlydygyny iş ýüzünde aýdyň görkezýär.


Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow