Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy
Çap edildi 06.07.2024
637

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly)

Hormatly jenap Baş sekretar!

Sizi we siziň wekiliýetiňiziň agzalaryny mübärekleýärin hem-de Türkmenistana gelmäge çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Siziň bilen ozalky duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Olaryň dowamynda biz möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk we pikir alyşdyk. Şeýle gatnaşyklaryň hemişe netijeli, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýe bolandygyny bellemek isleýärin. Bu dialogyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi, ony durmuşa geçirmegiň görnüşleridir gurallary işlenip taýýarlanyldy hem-de kämilleşdirildi. Türkmenistanyň çemeleşmeleriniň siziň tarapyňyzdan goldawa we makullanma eýe bolandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Biz sizi ýurdumyzyň dosty, häzirki zaman ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde pikirdeşi hasaplaýarys. Häzirki ýönekeý bolmadyk şertlerde siz Baş sekretaryň jogapkärli wezipesinde özüňizi Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryna we gymmatlyklaryna gulluk etmäge bagyşlan ynsan, öz işiniň ussady hökmünde görkezýärsiňiz.

Siziň başlangyjyňyz bilen hem-de ýolbaşçylyk etmegiňizde BMG-niň işiniň netijeliligini artdyrmaga, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde onuň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam berýän wajyp ädimler ädildi. Biz siziň işiňize ýokary baha berýäris we siziň saýlap alan ugruňyz häzirki günüň hakyky ýagdaýlaryna, guramanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň talaplaryna laýyk gelýär diýip hasaplaýarys. Siz hemişe Türkmenistanyň ýardamyna we goldawyna bil baglap bilersiňiz.

Hormatly jenap Baş sekretar!

Siziň şu gezekki saparyňyza Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly ähmiýetli waka hökmünde garaýarys. Saparyň netijeleriniň hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, oňa täze itergi bermäge, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys.

Umuman, Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň soňky wagtda aýratyn işjeň we netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek zerur. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durmuş-ykdysady ösüş, demokratik institutlary kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.

BMG-niň Türkmenistanda işleýän we dürli ulgamlarda wajyp taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirýän ýöriteleşdirilen düzümleridir institutlary bilen gatnaşyklar hem üstünlikli ösdürilýär. Biz şeýle hyzmatdaşlygy makullaýarys we guramanyň ýurdumyza berýän goldawyny minnetdarlyk bilen kabul edýäris.

Hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklaryň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlaryň ýakynlygy bilen şertlendirilendir. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ileri tutýan strategik ugry bolmagynda galýar.

BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys. Bu şertlerde ählumumy, ygtybarly we uzak möhletleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesi örän möhüm bolup durýar.

Durnukly dünýä gurluşynyň binýatlaryny gorap saklamakda Birleşen Milletler Guramasyna esasy orun degişlidir. Türkmenistan umumy hem durnukly howpsuzlygyň üpjün edilmeginde guramanyň ornunyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýär we bu babatda anyk işleri amala aşyrýar. Biziň pikirimizçe, bir tarapdan, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän, beýleki tarapdan bolsa BMG-niň Tertipnamasyndaky we esasy halkara hukuk namalaryndaky ýörelgeleri gorap saklaýan täze halkara hukuk mehanizminiň döredilmegi munuň üçin esasy sütünleriň biri bolup durýar. Şunda geçen ýylyň sentýabrynda Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyna siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Bu teklip tutuş dünýä üçin möhüm bolan çäreleriň toplumy hökmünde howpsuzlyk meselesinde ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerurlygyndan gelip çykýar.

Şeýle mehanizm syýasy, ykdysady, durmuş, energetika, ulag, ekologiýa we ynsanperwer ugurlary, parahatçylyk döredijiligiň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny, gapma-garşylyklary çözmekde bitaraplyk tejribesiniň ulanylmagyny özünde jemlemelidir. Netijeli, deňhukukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan dialoga taýýar we ukyply bolmak, häzirki zaman syýasatynda strategik medeniýetiň gaýtadan dikeldilmegi ýokarda agzalan strategiýanyň dünýägaraýyş esasyny düzýär. Men şeýle dialogyň ýeke-täk dogry dialogdygyna berk ynanýaryn. Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjyny goldajakdygyňyza, onuň Howpsuzlyk geňeşi we Baş Assambleýa tarapyndan makullanjakdygyna bil baglaýarys.

Hormatly jenap Baş sekretar!

Siziň Türkmenistana saparyňyz durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň bu Gün tertibini doly goldap, Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli we anyk çäreleri amala aşyrmaga haýal etmän girişendigini bellemek isleýärin.

Häzirki wagtda DÖM-niň esasy ugurlary, şeýle hem olaryň degişli wezipeleridir görkezijileri Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna, beýleki konseptual resminamalara sazlaşykly ornaşdyryldy. Maksatnamanyň ykdysady bölegine Durnukly ösüş maksatlarynyň ornaşdyrylmagy ilaty elýeterli, ygtybarly we döwrebap usulda energiýa bilen üpjün etmäge, durnukly ykdysady ösüşe, raýatlary iş orunlary bilen doly üpjün etmäge, köpugurly infrastrukturany döretmäge, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, innowasiýalary goldamaga gönükdirilendir.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy durmuş ugurly häsiýete eýedir. Gürrüň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we ilatyň azyk önümleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi, ähli zenanlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi arkaly gender deňliginiň üpjün edilmegi, hemmeleriň ýokary hilli bilim almagy üçin şertleriň döredilmegi ýaly möhüm ugurlar barada barýar.

Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda milli meýilnamalary ýerine ýetirmäge girişmek bilen, olaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologik ugurlaryna laýyk gelmegine jogapkärçilikli çemeleşýär. Şunda önümçilikde, senagat, durmuş infrastrukturasynyň gurluşygynda daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmäge mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň netijeli ornaşdyrylmagy biziň üçin ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Türkmenistan halkara bileleşigiň parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalaryny goldap, şol zyňyndylaryň aglaba bölegini döredýän senagatda, nebitgaz, energetika we ulag pudaklarynda ekologik taýdan arassa hem-de serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçýär.

Durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatnamalaryň we strategiýalaryň talabalaýyk maliýeleşdirilmeginiň üpjün edilmegini möhüm hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin serişdeleri utgaşdyrmagy we herekete getirmegi maliýeleşdirmek boýunça Hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasynyň çözgütleriniň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek maksady bilen, ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahaty guramagyň maksadalaýykdygyny nygtaýarys. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň amala aşyrylyşyna syn bermek işinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, utgaşdyryjy ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumlaryň yzygiderli geçirilmegini goldaýarys.

Hormatly jenap Baş sekretar!

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogyň çäklerinde ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmenistan bu gurama bilen bilelikde ylym-bilim, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak babatda maksatnamalaryň we taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň taryhy-binagärlik ýadygärlikleriniň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawlaryna girizilmegi köpýyllyk bilelikdäki işiň möhüm netijeleridir. Umuman, Türkmenistanyň hödürnamasy esasynda maddy däl medeni gymmatlyklaryň 9-sy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri hem bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde 1500-den gowrak taryhy-medeni ýadygärlik ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.

Şu ýyl bellenilip geçilýän beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bütindünýä ähmiýetli waka öwrüldi. Şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi, Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda bellenilýän şanly seneleriň sanawynda orun aldy. Şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde şu ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.

Hormatly jenap Baş sekretar!

Geljek ýyl ähli babatda şanly wakalara baý bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan goldanylan bu möhüm ähmiýetli çözgüt degişli Kararnama bilen berkidildi. Türkmenistanyň bu başlangyjy dünýäniň ähli döwletlerine adamzadyň ykbaly babatda öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan gapma-garşylyklary, ylalaşyksyzlygy aradan aýyrmaga, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny seljermäge, oňa taryhy we geljegiň nukdaýnazaryndan garamaga gönüden-göni çagyryş bolup durýar.

Biziň çagyryşymyz eşidilmelidir! Çünki parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy, ilkinji nobatda, ählumumy ähmiýete eýedir. Oňa hemişe isleg bildirilýär, ol oňyn häsiýetdedir. Ol ählumumy ösüşiň we abadançylygyň gysga möhletleýin däl-de, hakyky talaplaryna laýyk gelýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly onuň düýp mazmunyny emele getirýän giň dünýägaraýşy, ynsanperwer ýörelgeleri şöhlelendirýär hem-de olaryň esasy maksatlaryny durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, biz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, garaýyşlary ýakynlaşdyrmaga, parahatçylyk gün tertibini tassyklamaga, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen oňyn meýilleri kemala getirmäge ýardam berýän kuwwatly döredijilik guralyna öwürmegi ählumumy wezipe hasaplaýarys. Türkmenistan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak üçin ähli tagallalary eder. Öz parahatçylyk döredijilik mümkinçilikleri we tejribesi bilen oňa goşant goşar.

Siziň şu gezekki saparyňyza Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde meýilleşdirilýän bilelikdäki işiň başlangyjy hökmünde garamagy teklip edýärin. Bu saparyň oňyn häsiýete eýe boljakdygyna, bütin dünýäniň halklarynyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly jenap Baş sekretar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar diýip hasaplaýaryn. Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilendigine buýsanýarys. Şunda Türkmenistanyň öz Bitaraplygyna giň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň, bar bolan meseleleri, gapma-garşylyklary parahatçylyk, syýasy-diplomatik gurallar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly kadalaşdyrmagyň hem-de çözmegiň şerti hökmünde garaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň strategik görkezmelerini, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigini aýtmaga haklydyrys.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin iki sene — Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ygrarlylyk, halkara hukuga hormat goýmak BMG-niň Tertipnamasynyň ruhunyň we mazmunynyň beýanydyr. Bu ýörelgeler, biziň pikirimizçe, dünýäniň häzirki gurluşynyň möhüm talabyna, onuň yzygiderli, döredijilikli ösüşiniň, asuda geljeginiň üýtgewsiz hem-de esasy şertine öwrülýär.

Hormatly jenap Baş sekretar!

Sizi uly hormat bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geljek ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrýarys. Biz bu baýramçylygy tutuş halkara bileleşik, Türkmenistanyň köp sanly dostlary, hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde belläp geçeris. Siziň oňa gatnaşmagyňyz ýurdumyz hem-de türkmen halky üçin uly hormat bolar.

Sözümiň ahyrynda şu gezekki saparyňyz, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsüňiz we şahsy goşandyňyz üçin size ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirýärin. Biz şeýle çemeleşmä ýokary baha berýäris hem-de umumy maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda siziň bilen bilelikde işleşmäge hemişe taýýardyrys.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow