Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy
Çap edildi 28.06.2024
749

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hasaplanýan bu ajaýyp künjek düýpli özgerdi. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde dag etekleriniň gözel keşbe eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, degişli ekologik ýagdaýynyň saklanmagy ugrunda edilýän aladalar esasynda jenneti mekanyň gür baglyga bürenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirdi.

Ir säher bilen hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.

Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan ussat atşynas Arkadagymyz Hanbeg atly ata atlanyp, birsellem ýöriş etdi. Bu görnüşler ynsanyň we eýesine wepalylygy, aýratyn üşükliligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň özara gatnaşygynda aýratyn hoşniýetliligiň bardygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taryhy müňýyllyklara uzaýan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşy bilen berk ysnyşandygyny görkezýär. Bu bolsa bedewleriň ynsan gylykly häsiýete eýe bolmagynyň baş şertini emele getiripdir.

Şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda atçylygy hemmetaraplaýyn ösdürmek, bu pudagyň işine milli atşynaslyk däpleri bilen dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Pudagy yzygiderli ösdürmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän toplumyň çäginde amatly howa gurşawy emele gelipdir. Döwletimiziň aladalary netijesinde tebigatyň bu künjeginde ekologik abadançylyk üpjün edilýär. Munuň özi dag eteklerinde ynsan üçin hem, bedewler üçin hem zerur bolan oňaýly ýagdaýyň döremegini şertlendirýär. Şeýle gözel görnüşi we ýakymly howasy bolan künjekde gezim etmek ruhubelentlik döredýär. Ol bedewler üçin hem amatly şertleriň biridir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bedewi gorgunyna goýberdi. Bedew buýsançly başyny belent tutup gorgunlady. Bu görnüşler ýurdumyzda milli atçylyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilýändigini görkezýär.

Arkadag şäheriniň çäginde täze athana toplumynyň gurulmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Soňky ýyllarda bu künjekde Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça atçylyk pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe desgalar toplumy bina edildi. Aba Annaýew adyndaky şäherçede atşynaslara niýetlenen kottejler toplumy täze şäheriň binagärlik keşbi we bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň bedewi aýak urşuny has-da batlandyryp başlady. Munuň özi ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem belent maksatlaryň amal bolýandygynyň, ýylyň her bir gününiň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşany bolup görünýär.

“At — myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegine öwrülipdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow