Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti söweşjeň baýdaklary gowşurdy
Çap edildi 09.01.2017
1652

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen döredilen täze harby bölümlere söweşjeň baýdaklary gowşurdy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek hakynda Permana hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekildi. Bu barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda habar berildi. Şol gün hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de Harby institutynda söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýere Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda söweşjeň baýdaklary alan harby bölümleriň serkerdeleri we şahsy düzümi, şeýle hem Goranmak ministrliginiň serkerdeleri, esgerleri, harby talyplar we harby mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar. Bu wakanyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 25 ýyllygynyň hem-de Watan goragçylarynyň gününiň öňýanynda bolup geçmegi oňa özboluşly many berdi. Bu baýramçylyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2008-nji ýylda döredildi we her ýyl 27-nji ýanwarda bellenilip geçilýär.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow