Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine
Syýasat habarlary
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerine
Çap edildi 26.06.2024
2305

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!

Gadyrly ýaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy tanalmaz derejede özgertdi. Bu döwletli işler häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrmakda medeniýet ulgamynyň hem aýratyn orny bardyr.

Gadyrly döredijilik bilen 

meşgullanýan ýaşlar!

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Akyldar şahyrymyz watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän ajaýyp goşgulary bilen ynsan kalbynda baky ýaşaýar. Ýurdumyzyň edebiýatynda, sungatynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserler dana şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde we halka ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Meşhur ýazyjy-şahyrlarymyz, suratkeşlerimiz, sahna ussatlarymyz dana Pyraga bagyşlanan kämil eserleri döretdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň belli magtymgulyşynaslary şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän gymmatly pikirleriň manysyny giňden açyp görkezmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, edebi mirasy köptaraplaýyn beýan edilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we nusgawy şahyrymyzyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy beýik söz ussadynyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde taryhy waka öwrüldi.

Mähriban ýaşlar!

Biz ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Magtymguly Pyraga bagyşlap döwrebap we kämil eserleri döretmeklerine aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy ýazyjy-şahyrlarymyzy, aýdymçylarymyzy, sahna ussatlarymyzy, suratkeşlerimizi ylham dünýäsine ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygrynda öňe sürülýän gymmatly pikirlerden ugur alyp, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, dana şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşik yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän bu bäsleşige hödürlenen eserleriň her biri Diýarymyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini, ýaşlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlap kämil eserleri döretmäge ukyplydyklaryny doly subut edýär.

Beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň dabaraly ýagdaýda sylaglanylmagynyň aýratyn manysy bardyr. Biz geljekde hem bu döredijilik bäsleşigini yzygiderli geçirip, sungata höwesek ýaşlarymyzyň zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleri dörederis.

Gadyrly döredijilik bilen 

meşgullanýan ýaşlar!

Hormatly bäsleşigiň ýeňijileri!

Siziň ähliňizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşikde ýeňiji bolmagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan durmuş, döredijilik äleminde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow