Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi
Çap edildi 25.06.2024
2613

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine we Premýer-ministrine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz doganlyk ýurduň wekiliniň şu gezekki saparynyň köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Halkara giňişlikde öňe sürülýän netijeli başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem okgunly ösdürilýär. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda hem netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain döwletara hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklara, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow