Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Çap edildi 22.06.2024
883

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Ir bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “akylly” şähere geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy arkaly dürli maksatly desgalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy, onuň ýerleşjek ýerleri we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Şeýle-de kärhananyň umumy görnüşiniň içki hem daşky bezeg aýratynlyklarynyň şekili görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň köp sanly ýaşaýjylarynyň ýüztutmalary we haýyşlary esasynda bu ýerde halyçylyk kärhanasyny gurmak boýunça döwlet derejesindäki çözgüt kabul edildi. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň döreden dünýä nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Halyçylyk pudagynyň bu desgasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orny eýelär.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde haly kärhanasynyň bina edilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halylary, olary dokamak sungaty asyrlar aşyp gelýän edep-terbiýe mekdebidir. Bu sungatyň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, halyçylyk sungatynyň dowamata atarylmagy asyrlar aşyp gelýän ýagşy ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap rowaçlyklara beslenmegini şertlendirýär.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek Çeperçilik haly kärhanasynda döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz halyçylaryň zähmetiniň aýratynlyklaryny nazarda tutup, olaryň arakesme pursatlarynda rahat dynç almaklary babatda zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Önümçilik toplumy birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda uly göwrümli halylar, tebigatyň görnüşlerini janlandyrýan halylar bölümi, surat halylar bölümi, portret we sowgatlyk halylar bölümleri döredilmelidir. Hormatly Arkadagymyz döwrebap haly kärhanasynda ähli bölümler bilen bir hatarda, haly dokalanda ulanylýan gaýçy, syndy, keser, darak ýaly enjamlaryň hemişe gurat saklanmagy üçin, gadymy döwürlerden gelýän ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halyçylaryň ýörite ussahanasynyň hem bolmalydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, önümçilik toplumynda türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary, reňkleriniň sazlaşygy baradaky maglumatlary özünde jemleýän interaktiw enjamyň oturdylmagy maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Onda halyçylyga degişli ähli maglumatlar elektron görnüşde toplanmalydyr, gyzyklanma bildirýän islendik adamyň onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmegi üçin şertler döredilmelidir. Haly önümleri dokalanda häzirki zaman dizaýnerçilik çözgütleriniň peýdalanylmalydygy hem nygtaldy.

Türkmen halylary uzak wagtlap ulanyp bolýandygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen dünýä halyşynaslarynyň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi türkmen gelin-gyzlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli sungatynyň asyrlar geçse-de ähmiýetini ýitirmeýändiginiň, olaryň kaşaň ymaratlaryň, toý-baýramlaryň bezegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz önümçilik toplumynyň çäginde ýörite bassyrmalaryň döredilip, olarda haly dokamak üçin şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Çünki halynyň erişleriniň, argajynyň açyk howadan täsirlenmeginde, Gün şöhlesiniň bolsa ajaýyp halylaryň reňk sazlaşygynda ähmiýetli bolýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi.

Gahryman Arkadagymyz ir döwürlerde haly dokalanda, otaglarda kakylýan daraklardan, tebigy boýaglardan tozan çykandygyny belläp, bu ýagdaýlary aradan aýyrmak bilen, häzirki wagtda ýörite kämil enjamlar arkaly haly dokalýan ýerde durnukly howany saklamaga mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyp, guruljak haly kärhanasynda-da şeýle enjamlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähiň taslamasy, onuň bezeg şekilleri bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Behişdi bedewleriň heýkelleriniň suw çüwdürimleri bilen utgaşýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz seýilgähde ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň oturdylmagyny, olaryň her birine degişli ýazgylarda bedewleriň taryhyna we görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlaryň ýerleşdirilmelidigini aýtdy. Munuň özi şöhraty dünýä dolan bedewlere ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanyna öwrüler.

Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ahalteke bedewleri, ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrülen alabaýlar, arşyň nepisligini özünde jemleýän türkmen halylary bilen bir hatarda, özboluşly gylykly arwana düýeleri hem milli buýsanjymyz bolup durýar. Arwana düýeleri ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynyň üstünden geçýän kerwen ýollarynda esasy ulag serişdesi hökmünde peýdalanylypdyr we häzirki döwürde-de türkmenleriň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hut şonuň üçin-de arwana düýeleriniň milli gymmatlyklarymyzyň biridigini bellemek ýakymlydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde taslamalaryň we çyzgylaryň hatarynda görkezilýän lukmançylyk klasterine degişli düzümlere berlen halkara güwänamalaryň we olaryň haryt nyşanlaryna degişli bellige alyş resminamalarynyň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny belledi. Hormatly Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, bu şäheriň gurluşygynyň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesi we täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylmalydyr. Bu işlerde ekologik meselä aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bina ediljek desgalar milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman nusgasyny özünde jemlemelidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde ýerine ýetirilýän işleriň hem ekologiýa syýasatyna laýyk gelmelidigini, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň täzeçil pikirlerini we garaýyşlaryny öwrenmek, taýýarlan tekliplerini işjeň ulanmak möhümdir.

Desgalar gurlanda, timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik we bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, berkligi göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde binagärlik, bezeg ulgamyndaky gazanylanlar milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda öz beýanyny tapmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde badalga alandygy we bu çäräniň degişli medeni maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. 29-njy iýunda “akylly” şäheriň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Şu mynasybetli täze şäherde baýramçylyk dabaralary meýilleşdirildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde täze şäheriň ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde täze şäheriň sazlaşykly ösüşi, ilatyň bagtyýar durmuşy, bu künjegiň ajaýyplyklary öz beýanyny tapmalydyr. Şunda dabaralaryň döwrüň ruhuna laýyk gelmegi üpjün edilmelidir.

Hormatly Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek ugurdaş desgalardaky mümkinçilikleriň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Täze, döwrebap şäheriň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegi ugrunda köptaraply işler amala aşyrylýar. Şunda şäher ilatynyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherde öndürijilikli zähmet çekmek, oňaýly dynç almak, saglygy berkitmek ugrunda zerur şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň binagärlik keşbiniň ýerli tebigy aýratynlyklar bilen sazlaşmalydygyny, ýerine ýetirilýän işlerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmalydygyny belledi. Munuň özi şäheriň özboluşly binagärlik keşbiniň has-da gözelleşmeginde ähmiýetlidir. Halk Maslahatynyň Başlygy desgalar bina edilende, olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, gurluşyk we bezeg işlerine wajyp ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow