Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 21.06.2024
2565

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk hem-de rysgal-bereket dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanyň Hökümetini we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şatlykly baýramyň berekediniň musulman ymmatynyň arasynda agzybirligi, jebisligi mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna hem-de Ýer ýüzünde parahatçylygyň, raýdaşlygyň, adalatlylygyň rowaçlanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Mohammad MOHBER,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini

wagtlaýyn ýerine ýetiriji.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram rehimdarlygy we dost-doganlygy alamatlandyrmak bilen, Hindistanyň baý medeniýetli mirasynyň aýrylmaz bölegidir hem-de onuň musulman raýatlarynyň millionlarçasy tarapyndan ýurduň ähli künjeginde uly şatlyk bilen bellenilýär.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Narendra MODI,

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk hem-de rysgal-bereket dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk hem-de rysgal-bereket dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,

Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow