Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary
Çap edildi 15.06.2024
942

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna ýardam edýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň degişli ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Türkmenistanda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary, önümçilige öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaklary babatda ähli şertler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem uly ähmiýet berilýär. Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, daýhanlarymyz täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygy üpjün edilýär, halkymyzyň we her bir maşgalanyň abadançylyk derejesi ýokarlandyrylýar.

Şu möwsümde Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, galla oragy möwsüminde “John Deere” we “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçileri doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler mähirli mübäreklediler. Olar döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyrýan iş saparynyň welaýatyň ýaşaýjylary üçin buýsançly wakadygyny bellediler hem-de düýn Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde il sylagly ýaşulular bilen bugdaý oragyna başlanandygyny aýtdylar. Olar şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmegi bilen, bu bereketli toprakda ýetişen bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçileriň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda kuwwatly tehnikalar bereketli hasyly ormaga girişdiler.

Döwlet Baştutanymyz “Arkaç” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda däne kombaýnlarynyň galla oragyny geçirişini synlady. Galla meýdanlarynyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişligi daýhanlarymyzyň şu ýylky yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Ygşyldap oturan galla meýdanlary halkymyzyň saçagynyň egsilmez berekediniň nyşany bolup görünýär.

Obasenagat toplumyna gelip gowuşýan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň, öndürijilik kuwwatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu tehnikalar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, şol sanda täze tehnikalary satyn almaga, oba hojalygynyň ähli önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýumlary gönükdirilýär. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar berilýär. Bu bolsa topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, bol hasyl almaga, netijede, hususy azyk kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Diýarymyzyň bäş welaýatynda hem galla oragyna girişilip, möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. Şunda kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini, talabalaýyk saklanylmagyny, beýleki ekinlere hem ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek bilen ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň bugdaýyň şu ýylky birinji hasylyndan taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Halkymyz çörege hemişe mukaddeslik hökmünde garapdyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi türkmen topragynyň rysgal-berekediniň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler esasynda Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Ekerançylaryň ösdürip ýetişdirýän önümleri, esasan-da, galla önümleri ýokary hili, ýokumlylygy, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi çogly güneşiň astynda türkmen topragynda ýetişýän önümleriň ähli görkezijiler babatda ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.

Türkmen topragy ekerançylygyň baý medeniýetiniň dörän gadymy ojagydyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaý sümmüllerini ösdürip ýetişdirmek üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr. Ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýänleriň sany artýar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň mysalydyr.

Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýaş kärendeçiler Annagulyýewler bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi doganlar Annagulyýewler hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlaryň tutanýerli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdylar. Olar 2020-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýarlar. Annaguly şu ýyl 64 gektar meýdandan 256 tonna bugdaý hasylyna garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 15 gektar ýere gowaça, 5,7 gektar meýdana ýeralma we 4 gektar ýere gök-bakja ekinlerini ekendigini, Aşyrguly hem 15 gektara gowaça, 4,3 gektara ýeralma, 4 gektara gök-bakja ekinlerini ekendigini aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylandygyny, indi daýhanlaryň girdejileriniň has-da artjakdygyny belläp, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, obada durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işleriň geçirilýändigini nygtady. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket tapmagy üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň asylly iş edýändiklerini, şeýle zähmetsöýer, merdana daýhanlarymyzyň bardygyna halkymyzyň begenýändigini, olaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýerden bol hasyl öndürýän kärendeçilere sowgatlaryny gowşurdy.

Öz nobatynda, kärendeçiler Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimine welaýatyň ýaşaýjylary üçin niýetlenen 200 sany döwrebap awtoulagyň açarlaryny gowşurdy.

Häkim awtoulaglar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça çäreleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe galla oragy möwsümini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyny üpjün eder.

Şeýlelikde, Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaýyň bol hasyly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.12
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
05.12
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat
05.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
04.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.12
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
04.12
Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminama gol çekdi
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
04.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki çykyşy
top-arrow