Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 04.06.2024
2181

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebortdan ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Lýubomir Frebort hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Çehiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen halkara derejede uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent mertebedigini aýdyp, iki ýurduň hem-de dostlukly halklaryň bähbidine türkmen-çeh hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bu syýasatyň wajyp ugrudyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, parlamentleriň derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylan netijeleriň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ýene-de bir gezek ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men Lýubomir Freborty Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen ýokary wezipäni Siziň ynamyňyza we meniň makullamagyma mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize meniň adymdan, Çehiýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Petr Pawel,

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow