Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr
Teswirlemeler
Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr
Çap edildi 30.05.2024
2115

Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatynyň herekete getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksatlary bolup durýar.

Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek biziň esasy wezipämizdir.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň, ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagynyň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet, halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamanyň — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Bilimiň dünýä standartlaryna çykarylmagy çäreleriň tutuş toplumyny göz öňünde tutýar we olar häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. 25-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu çözgüt milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň ähli düzümleriniň, hususan-da, orta bilimiň yzygiderli ösdürilmegi zerur talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda okatmagyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek baradaky wezipäni goýdy.

Bilim ulgamynyň ösüşine baha bermek, orta mekdeplerde pedagogik işgärlere bolan zerurlyklary seljermek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagy guramakda iň gowy halkara tejribeleriň öwrenilmegi Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýany durmuşa geçirmekde öňde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, mekdep maksatnamasyna täzeçillikleriň, hususan-da, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly dersleriň girizilendigini bellemek gerek. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de pikiri beýan etmegiň esasy serişdesidir. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli tapgyrlarynda daşary ýurt dillerini okatmagy we okuwçylaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmäge, okatmak işine lingwistika ulgamyndaky innowasion tehnologiýalary girizmäge gönükdirilen netijeli çäreler amala aşyrylýar.

Daşary ýurt dillerini okatmakda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy Türkmenistanyň bilim ulgamynda möhüm wezipeleriň biridir. Daşary ýurt dilleri umumy we hünär bilimi maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizildi. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanda usulyýet üpjünçiligi, bilim bermegiň ähli derejelerinde okuw maksatnamalarynyň hem-de meýilnamalarynyň, mugallymlary taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Sapaklarda innowasion tehnologiýalardyr usullaryň peýdalanylmagy okatmak işini gyzykly we döredijilikli guramaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, professorlary, ugurdaş düzümleriň beýleki hünärmenleri yzygiderli esasda daşary ýurtlarda hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.

Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Guramanyň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen bilelikdäki işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda bilimi dolandyrmagyň täze maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Munuň üçin eýýäm synag goşundysy işlenip taýýarlanyldy. ÝUNISEF, Bilim ministrligi hem-de Innowasion maglumat merkezi bilen bilelikde milli hünärmenlere bu ulgamy ulanmagy öwretmek üçin okuw maslahaty geçirildi. Täze ulgamyň işe girizilmegi bilim ulgamynda maglumat ýygnamak işini awtomatlaşdyrmaga hem-de sanlylaşdyrmaga, maglumatlary bitewi platformada ýerleşdirmäge mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2023-nji ýylyň maýynda 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Umumybilim berýän mekdeplerde “Elektron mekdep” ulgamy işlenip taýýarlanyldy we synag edildi. Bu ulgam arkaly ene-atalar çagalarynyň dürli dersler boýunça ýetişigi bilen tanşyp bilerler. Aşgabadyň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň birnäçe mekdepleri ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Watanymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň döwrebap binalary gurlup ulanmaga berilýär. Olar kämil kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz mugallymlar hakynda alada edilmegini, olaryň ussatlygynyň we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, tutuş okuw-terbiýeçilik işiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berýän halkara bilim alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini aýratyn üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, olaryň hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Ýylyň mugallymy” hem-de “Ýylyň terbiýeçisi” atly döwlet derejesindäki bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Milli bilim institutynda, Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde bilim işgärleri hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Halkara ölçeglere ýakynlaşdyrylan hem-de milli mugallymçylyk mekdebi tarapyndan toplanan terbiýe bermegiň köpasyrlyk tejribesini göz öňünde tutýan esasy okuw meýilnamasyna laýyklykda, bilim ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, dünýä tejribesinden peýdalanmaga hem-de innowasion okuw usullaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan okuw maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri guralýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Aşgabat şäherinde okuw maksatly robototehnikany okatmagyň tejribesini ornaşdyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Oňa mekdep mugallymlarydyr hünärmenler gatnaşdylar. Bu çäre häzirki zaman interaktiw we okuwçylara gönükdirilen okuw usullaryny ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda möhüm başlangyç boldy. Şeýle hem mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olarda ýolbaşçylyk endiklerini we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak ukybyny ösdürmek, döwrebap okuw kitaplaryny, okuw meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny taýýarlamak, innowasion okuw tehnologiýalaryny öwrenmek hem-de ornaşdyrmak maksatly tälim beriş okuwlary geçirilýär.

2024-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli mazmunly çäreleriň geçirilýändigini bellemek gerek.

Türkmen ýaşlarynyň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly sanly bilim Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ders olimpiadalarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň döwrebap derejä çykýandygynyň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň güwäsidir. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwlet taglymatynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns çekdiler. Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdirýän tutumly işleri, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda görülýän çäreler dogrusynda aýratyn nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, 25-nji maýda Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna iberen Gutlagynda «Soňky jaň» dabarasynyň bagtyýar ýaşlaryň juwan kalbynda Watanymyza, merdana halkymyza bolan beýik buýsanjy, guwanjy hem-de söýgini terbiýeleýän ajaýyp bilimler baýramydygy bellenilýär. Nygtalyşy ýaly, maksada okgunly nesiller watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi, belent ahlaklylygy özlerine hemişelik ýörelge edinmelidirler. Ýaşlar şöhratly geçmişimize, beýik döwrümize buýsanjy, giň dünýägaraýşy, gujur-gaýratly, döredijilikli we tutanýerli zähmeti bilen berkarar döwletimizi has-da gülledip ösdürmelidirler. Watanymyzyň geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asuda, abadan durmuşynyň bähbidine okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak, il-ýurdumyzyň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramak siziň durmuş ýoluňyzdaky baş maksadyňyz bolmalydyr. Watana, halka, adamzada ak ýürekden hyzmat edip, sylag-hormata mynasyp bolmak siziň mukaddes borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi.

“Maglumatlar asyry” diýlip atlandyrylýan ХХI asyrda bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn talaplar bildirilýär. Munuň özi okatmagyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemäge iterýär. Milli bilim ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna, okgunly ösüş depginine laýykdygyny aýdyň görkezýär. Bu ugurdaky işler innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýän ýokary derejeli hünärmenleriň, maglumatlar asyrynyň çylşyrymly meselelerini çözmäge ukyply raýatlaryň taýýarlygynda, okatmak işiniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda özgerdilmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karary hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Konsepsiýada bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň, milli programma üpjünçilikleriniň taýýarlanylmagyna, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyna ýardam berer.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow