Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 26.05.2024
367

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara duşuşyklaryň we forumlaryň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini halkara giňişlikde ilerletmek, eziz Watanymyzyň sport abraýyny beýgeltmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat halkara çäreleriň, sport bäsleşikleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Gysga wagtyň içinde paýtagtymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga zerur bolan ähli şertlerdir mümkinçilikleriň döredilen şäheri hökmünde halkara giňişlikde belent abraýa mynasyp boldy. Ýurdumyzyň baş şäherinde Olimpiýa şäherçesiniň, Olimpiýa suw sport toplumynyň, Milli Olimpiýa sport köşgüniň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň hem-de beýleki sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni hemmetaraplaýyn ösdürmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge, ýokary derejeli türgenleri, halkara derejeli ýygyndy toparlary taýýarlamaga, islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwrümizde ýurdumyz Arkalaşygyň çäklerinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem işjeň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Siziň GDA-nyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, Arkalaşygyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip etmegiňiz, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak başlangyjyny öňe sürmegiňiz we Siziň bu teklipleriňiziň goldanylmagy halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly goşandyňyz bolmak bilen, ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu bolsa özara ýakynlaşmagyň möhüm şerti bolup, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna-da ýardam berýär. Bu işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen parahatçylygyň, ynsanperwerligiň pugtalandyrylmagyny nazarlaýan hyzmatdaşlygyň gerimi ýylsaýyn giňeýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Soňky ýyllarda ýurdumyz ençeme gezek iri sport ýaryşlaryny, hususan-da, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny kabul etdi. Şu ýylyň aprel aýynda bolsa Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. Mundan beýläk hem türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny gorajakdyklaryna, watansöýüjiligiň, erjelligiň, ussatlygyň belent nusgasyny görkezjekdiklerine, ak mermere bürenen gözel paýtagtymyzyň bolsa sportuň, sagdynlygyň we dost-doganlygyň mekanyna öwrüljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
16.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.06
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
14.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
14.06
Saýlawlara taýýarlyk möwsümi dowam edýär
14.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
13.06
Ylym we ýokary tehnologiýalar — durnukly ösüşiň binýady
13.06
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
12.06
Ylym — Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň binýady
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
top-arrow