Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 24.05.2024
964

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary, umuman, Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýup, GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ýygnananlara Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Aşgabada gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän, köpugurly kuwwata eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi nygtaldy.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Başlygy Mihail Mişustine söz berildi. RF-niň Hökümetiniň ýolbaşçysy çäkli düzümde öz işine başlan mejlisi açyp, Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirdi.

Mihail Mişustin şu gezekki mejlise GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň agzasy hökmünde ilkinji gezek Gazagystan Respublikasynyň wezipä täze bellenen Premýer-ministri Olžas Bektenowyň gatnaşýandygyny aýdyp, ýygnananlaryň adyndan oňa alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, hususan-da, ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Türkmenistanyň şu günki geçirilýän mejlise döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen waka hökmünde garaýandygyny bellemek gerek. GDA-nyň giňişliginde geljegi nazarlaýan ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny we mümkinçiliklerini birleşdirmek häzirki wagtda esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär. Ýurdumyz tarapyndan teklip edilen hem-de 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, bu konseptual resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy.

Jarnama her bir döwletiň, umuman, Arkalaşygyň ykdysady kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge, GDA-nyň giňişliginde toplumlaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, bilelikdäki täze, giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu resminama soňra kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyny düzdi. Jarnamanyň kabul edilmegi hyzmatdaşlygyň gün tertibini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat ulgamynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek, sanly geçiş, maýa goýum, işewürlik işjeňligini höweslendirmek häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Şunda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, geljek üçin meýilnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, bilelikdäki işi utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde GDA-nyň Ykdysady Geňeşine ähmiýetli orun degişlidir.

Energetika, ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ugurlardaky bar bolan ägirt uly kuwwaty has oňaýly herekete getirmek boýunça başlangyçlarynyň möhümdigi äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde işjeň öňe sürýän energetika we ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti hem artýar. Türkmenistan ulag ulgamynda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini ösdürmek, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Kuwwatly serişde binýady, çäk we üstaşyr taýdan amatly ýerleşmegiň artykmaçlyklary sebit hem-de halkara derejeli giň möçberli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de ýurdumyz energetika pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi berk maksat edinýär. Şunda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň açyk we aýdyň ýörelgeler, birek-birege hormat goýmak, bähbitleri nazara almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek arkaly ýola goýulmalydygyndan ugur alýar.

Duşuşygyň gün tertibiniň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri we senesi bilen bagly meselä hem seredildi. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, mejlis 2024-nji ýylyň noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçiriler.

Soňra mejlis giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň öňüsyrasynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew çäkli düzümde geçen duşuşykda garalan meseleler, mejlisiň geljekki işiniň tertibi baradaky maglumat bilen çykyş etdi.

Mejlisiň dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Ykdysadyýet bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky ýakyn özara gatnaşyklar GDA-nyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Bu ugurda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Sport ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyz başlangyçly orny eýeleýär. Sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň höweslendirilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda mynasyp bolan köp sanly medallary, şol sanda 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşda gazanylan kümüş medal olaryň üstünligine şaýatlyk edýär.

Bu gün Türkmenistan halkara derejedäki ýaryşlary guramakda we geçirmekde baý tejribe toplady. Soňky ýyllarda ýurdumyz ençeme gezek iri sport ýaryşlaryny, şol sanda 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyryny, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, “Amul — Hazar” halkara awtorallisini, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny kabul etdi. Şu ýylyň aprel aýynda bolsa Aşgabatda GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip etdi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak başlangyjyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, bu oýunlar diňe bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň hem türgenleriniň gatnaşmagy üçin açyk bolmalydyr. Şunda Türkmenistanyň ilkinji Dostluk oýunlaryny kabul etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine Aşgabady “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. GDA döwletleriniň ählisinde bu şanly senä bagyşlanyp çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň adyndan Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählisine akyldar şahyryň hormatyna guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirildi. Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileýi diňe bir GDA-nyň medeni durmuşyndaky ähmiýetli waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlygy, özara düşünişmegi, raýdaşlygy pugtalandyrmagyň hem möhüm şertine öwrülýär.

Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi.

Bildirilen myhmansöýerlik we GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallyk beýan edildi.

Mejlis tamamlanandan soňra, metbugat maslahatynda onuň netijeleri beýan edildi. Habar berlişi ýaly, çäkli we giňişleýin düzümde geçen duşuşyklarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň formatyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeliligi nygtaldy. Gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi. GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdi biragyzdan kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly goşant goşýar. Bu bolsa özara ýakynlaşmagyň möhüm şerti bolmak bilen, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna-da ýardam berýär. Şeýle hem Nurlan Seýtimowy (Gazagystan Respublikasy) GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky çözgüt kabul edildi.

Şu gezekki mejlisi guramaga beren goldawlary, bilelikdäki netijeli işlemek babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk beýan edildi. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň formatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan saldamly goşandy nygtaldy. Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanylan we ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň we GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow