Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.05.2024
1450

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ýeňiş güni Russiýanyň we Türkmenistanyň halklary üçin söweş meýdanlarynda nasizme garşy göreşen hem-de tylda tutanýerli zähmet çekip, Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyran gahrymanlaryň ýatlanylýan günüdir. Biziň ata-babalarymyz gazaply kynçylyklara döz gelip, geljek nesilleriň parahat durmuşynyň goragynda durdular. Halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan doganlygynyň we birek-birege goldaw bermeginiň asylly däpleriniň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de berk binýat boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanda ýaşaýan weteranlara we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail MIŞUSTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 1418 günläp pederlerimiz frontda we tylda bilelikdäki tagallalary bilen faşistik basybalyjylaryň derbi-dagyn edilen gününi ýakynlaşdyrdylar. Bu gün biz weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri sarpalaýarys, olaryň deňsiz-taýsyz edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň, Watana bolan çäksiz söýgüsiniň öňünde baş egýäris.

Russiýalylaryň we türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň öz gahryman pederleriniň mirasyny gorap saklajakdyklaryna, gazaply synaglarda taplanan doganlygyň bolsa sebitde howpsuzlygyň we durnuklylygyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de ygtybarly binýat boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu dabaraly günde Türkmenistanda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň hem-de tylda zähmet çekenleriň ählisine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi, berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin!

Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow