Baş sahypa
\
Medeniýet
\
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Medeniýet
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Çap edildi 23.08.2026
9

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Milli medeniýetiň ösdürilmegi, baý milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy, öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi hem-de dünýäde giňden wagyz edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Watanymyzda aýdym-saz sungatynyň, şol sanda onuň nusgawy ýolunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu täsin sungatyň kemala gelmegi hem-de ösüşi türkmen bagşy-sazandalarynyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesilde milli medeniýetimize gyzyklanmany ösdürmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi hem munuň aýdyň mysalydyr.

...Çärä gatnaşyjylar, ilki bilen, Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, milli saz gurallarynyň, ussat bagşy-sazandalaryň fotosuratlarynyň sergisini synladylar. Mälim bolşy ýaly, medeniýet halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren gymmatlygy hasaplanýar. Türkmen halkynyň ýiti zehini hem-de paýhasy bilen asyrlaryň dowamynda döreden maddy we maddy däl gymmatlyklary dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi ajaýyp eserler bilen baýlaşdyrmaga goşant goşýan döredijilik wekillerine uly sarpa goýulýar.

Ýaş bagşy-sazandalaryň bäsleşigine tomaşa etmäge medeniýet we sungat ulgamynyň köp sanly işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar döwlet Baştutanymyzyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türkmen bagşyçylyk sungatynyň ösmeginde uly hyzmatlary bitiren halypa bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň halkymyzyň kalbynda baky ýaşaýandygyny nygtaýar. “Çary Täçmämmedow, Jepbar Hansähedow, Çary Gurbanow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Hommat Jelilow, Dörtguly Durdyýew, Hojamyrat Öräýew, Bally Mätgeldiýew, Patyşaguly Girmanow, Gaýgysyz Çaryýew, Döwletgeldi Ökdirow, Nurýagdy Baýramow, Allaberdi Ataýew, Gurbandurdy Öwezow, Parahat Şyhymow ýaly ussatlardan miras galan aýdym-sazlar bu gün ýaş dutarçy bagşy-sazandalar üçin nusgalyk mekdebe öwrüldi. Siz juwan kalbyňyzda gaýnap duran tebigy zehiniňiz, yhlasyňyz we sungata söýgiňiz bilen ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döretmelisiňiz, türkmen bagşyçylyk sungatyny has-da ösdürmelisiňiz!” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýokary ussatlyk bilen çalnan halk sazlarynda halkymyzyň geçen taryhy ýoly öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalaryň milli sazlary, halk aýdymlaryny Diýarymyzyň dürli sebitlerine mahsus ýol-ýörelgeler esasynda ýerine ýetirmekleri bäsleşige köpöwüşginli äheň berdi.

Türkmen halk saz gurallary häzirki wagtda dürli orkestrleriň düzüminde ýaňlanyp, şolaryň hatarynda dutar milli saz medeniýetimizde aýratyn orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýaşlar halypalary bilen dürli bäsleşiklere, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere, baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi kalplarda baky ýaşajak sungaty döreden meşhur türkmen bagşy-sazandalarynyň sungat ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.

Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlaryna orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň maksatnamasynda halkymyzyň saz medeniýetini, onuň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlar öz beýanyny tapdy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň aýratyn tolgundyryjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom, altyn zynjyr bilen sylaglanyldy. Şeýle-de “Çalsana, bagşy!” bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ýeňijileri milli bagşyçylyk we dutarda saz çalmak medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekde yhlasyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňky habarlar
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
top-arrow