Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 03.04.2024
2415

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Ilçi Darýa Bawdaž Kuret Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuret deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, hanym Darýa Bawdaž Kureti Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Siziň Alyhezretiňizden hanym Darýa Bawdaž Kureti mähirli kabul etmegiňizi we Sloweniýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň gülläp ösmegi we Siziň Alyhezretiňize abadançylyk baradaky arzuwlarymy, şeýle-de Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Nataşa PIRS-MUSAR,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow