Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 14.03.2024
1483

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn. Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna ösüş, rowaçlyk, parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz AL Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rysgal-bereket hem-de abadançylyk dileýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Zaýed AL Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan halklarymyzyň arasyndaky agzybirligiň we doganlygyň berkemegini dileýärin. Goý, bu mukaddes aý ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, adalatlylyk we abadançylyk eçilsin!

Abdel Fattah AL-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Abdullah II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk dileýärin.

Hamad bin Isa AL Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş we rowaçlyk dileýärin.

Haýsam bin Tarik,
Omanyň Soltany.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan biziň ählimize hoşniýetlilik we abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa bolelinlik, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mansur bin Zaýed AL Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa bolelinlik, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Mohammed bin Raşid AL Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow