Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Çap edildi 13.03.2024
2015

(Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby, 2024-nji ýylyň 13-nji marty)

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Şu gün Türkmenabat şäherinde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Şeýle-de Lebap welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşurylar.

Hormatly adamlar!

Men siziň ähliňizi bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obadyr şäherler guruldy. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi. Bu binalardyr desgalaryň açylmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmagy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy, şeýle hem sebitleri sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär.

Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.

Hormatly adamlar!

Döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar. Ine, şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap kärhana hem aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär.

Täze zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.

Kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.

Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy yzygiderli ösdürilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement önümini öndürjek Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny hem işe girizmegi göz öňünde tutýarys.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde-de ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryny bu möhüm desganyň işe girizilmegi, şeýle hem Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, sebitiň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow