Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
Teswirlemeler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy 2016-njy ýyl
Çap edildi 02.01.2017
3253

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly toplumlaýyn wezipeleriň çözgüdi bilen utgaşdyrylýar. Ol ýokary tehnologiýaly önümçilik düzüminiň döredilmegini, ösüşiň gaýtadan işleýän ulgamyna geçilmegini, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyny ugur edinýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň dürli ugurlaryna gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilmegine we önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçiligi boýunça kärhanalaryň döredilmegine we ýurudumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. 2016-njy ýyl döwlet baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan senagat syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm tapgyra öwrüldi. Gurluşyk serişdeleriniň, himiýa senagatynyň, dokma we haly önümleri boýunça önümçilik kuwwatlyklary ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmak, pudaklaýyn düzümleriň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak we sazlaşykly ösüşi üpjün etmek häsiýetine eýe boldy. Ýurdumyz üçin täze hasaplanylýan dag-magdan we metallurgiýa pudaklarynyň esasy goýuldy. Elektrik we dürli gurallaryň önümçiliginiň pudagy emele gelýär. Balygy gaýtadan işleýän senagat ykdysadyýetdäki ornuny has-da pugtalandyrdy. Mälim bolşy ýaly, täzeçil usullara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçiligiň giň ulgamyny döretmek, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky Döwlet maksatnamasynda we ýurdumyzda öndürilýän eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça 2015-nji ýylda kabul edilen Döwlet maksatnamasynda kesgitlendi. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamany durmuşa geçirmek, şol sanda dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça döwrebap kärhanalary gurmak meýilleşdirildi. Ýurdumyzda bar bolan çig mal serişdeleriniň dürli görnüşlerini toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemäge gönükdirilen täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi geljekde ykdysady ösüş üçin pugta binýadyň emele gelmegini, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, halk hojalygy toplumynyň degişli pudaklaryny senagatlaşdyrmagyň esasynda eksport mümkinçilikleriň artdyrylmagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde gurluşyk serişdeleri senagaty pudagy ykdysady ösüşiň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň işjeň esasda senagatlaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny nazarlaýan durmuş syýasatynyň wezipelerine we maksatlaryna laýyk gelýär. Şeýlelikde, “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň kärhanalary gurluşyk bazaryna diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramziti, gurnama demirbnton önümlerini, bişen kerpiçi, diwarlyk beton daşlaryny, örtük plitalaryny we başgalaryny ugradýar. Sement önümçiligi pudagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Uly isleg bildirilýän sementiň önümçiligine gönükdirilen iri kärhanalaryň ulanmaga berilmegi häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklary bu önüm bilen üpjün etmek wezipesini doly berjaý etdi. Geljekki meýilnamalary nazara almak bilen, 2016-njy ýylda telekeçi düzümleriň gatnaşmagynda sebitlerde ýyllyk kuwwaty 300 müň tonna semente barabar bolan kärhanalary gurmak hakyndaky çözgüt kabul edildi. Bu ulgamdaky önümçilik görkezijileri kanagatlanarlydyr. 2016-njy ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň, öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň möçberleri boýunça meýilnama 111,5 göterime deň boldy. Şunlukda, demirbeton gurnamalarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 7,0 göterim, keramzitiňki bolsa 0,6 göterim boldy. Geçen ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, izogama we folgaizola ýaly örtük serişdeleriniň önümçiligi boýunça täze senagat toplumy ulanmaga tabşyryldy. Önümçiligiň 96,5 göterimi ýerli çig mallary peýdalanmaga esaslanýan kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 10 million inedördül metr önümlere barabardyr. Ýurdumyz üçin täze pudakda ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän we içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrýan gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonkonstruksiýa” zawodynda ýylda keramiki we kafel plitalaryny oturtmak üçin ýelim garyndylarynyň 4 müň tonnasyna barabar kuwwaty bolan we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen toplumyň ulanylmaga berilmegi bu pudakdaky möhüm ädimdir. 2015-nji ýylda şeýle önümleriň 12 müň tonnasynyň öndürilmegi bilen öndüren hususy kärhanalaryň önümçilik mümkinçiliklerini nazara almak bilen, içerki bazaryň sarp edýän 14 müň tonna önümini üpjün etmek we ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň islegini kanagatlandyrmak wezipesi çözüldi. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabyşyryklaryna laýyklykda ýerli çig mallaryň esasynda ýurdumyz üçin täze önüm bolan ýylylyk saklaýan hem-de kompozit gurluşyk serişdeleri öndürilýän has inçe bazalt süýümleriniň önümçiligini döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu önüm diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Bazalt süýümi ýokary berklik derejesi bolan önümdir. Ol polatdan 2,5 esse, aýna süýüminden bolsa 1,5 esse berkdir. Onuň ýeňilligi, ýokary we pes howa şertlerine, şeýle hem poslama, şdürli himiki serişdelerine garşy durnuklylygy ýokarydyr. Bazalt süýüminiň esasynda taýýarlanylýan ses geçirmeýän we ýylylyk saklaýan serişdeleriň ulanyş möhleti 100 ýyldan hem gowrakdyr. Häzirki döwürde bu önüm ähli ugurlarda giňden peýdalanylýar. Aýratyn-da olar senagat we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, nebitgaz, awiasiýa, himiýa, turba senagatynda, awtomobil we maşyn gurluşygynda, elektroenergetikada, metallurgiýada, oba hojalygynda, gämi gurluşygynda, nebithimiýa ulgamynda we beýleki pudaklarda ulanylýar. Şunlukda, bazalt süýüminden taýýarlanylan önümler ekologiýa taýdan howpsuz derejä degişlidir we onuň önümçiligi dünýäniň köp ýurtlarynda işjeň ösdürilýär. Aýna önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we uly eksport geljegi bolan möhüm ugurlaryň biridir. Float usulyndaky aýna önümçiligi ýurdumyz üçin täze görnüşli senagat tehnologiýalyrynyň biri bolup durýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde aýna önümçiligi üçin esasy çig mal hökmünde ulanylýan kwars çägeleriň önümçiligi boýunça iri kärhanalar toplumynda hem şu tehnologiýa ulanylar. Bu önümçiligiň gurluşygyna 2015-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda badalga berildi. Onuň ýyllyk kuwwaty 7,2 million inedördül metr aýna barabar bolup, onda aýna önümleriniň 7 görnüşi, şol sanda açyk, reňkli, lominirlenen we taplanan 4 millimetr galyňlykdaky aýnanyň önümçiligi ýola goýlar. Olar penjireleri, aýna paketleri, şeýle hem açyk we reňkli dürli görnüşdäki, şol sanda 0,3 litrden 3 litr möçberi bolan aýna gaplarynyň 85 million birligini öndürmäge niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk serişdeleri üçin flakonlar öndüriler. Bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltamaga we geljekde onuň eksport ugruny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerleşýän “Türkmenmineral” önümçilik birleşiginiň binýadynda döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek işleri alnyp barylýar. Kalsiý karbidiniň, gipsoangdrit materialynyň, döwlen kaustik dolomitiň, dürli magdan däl gurluşyk serişdeleriniň, şeýle hem himiýa senagaty üçin hlorlanan hekiň we azyk duzunyň önümçiligi onuň esasy ugurlary bolup durýar. “Magdanly gurluşyk materiallary” pudaklaýyn kärhananyň binýadynda “Milli önüm” hususy kärhana bilen bilelikde ýylda 100 müň tonna gips, gipsiň esasynda gury gurluşyk garyndylarynyň 250 müň tonnasyny we 12 million inedördül metr gipsokarton öndürmäge niýetlenen “Hilli gurluşyk önümleri” önümçilik desgasyny açmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ýerli hususy kärhanalary çekmek bilen Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda keramiki plitalary we faýans önümlerini öndürýän kärhananyň, ýokary hilli alýumin önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu kärhanalaryň önümleri ýurdumyzyň gurluşyk serişdeleri bazarynyň bolçulygyny, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini şertlendirer. Ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmagyň barşynda pudagyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen möhüm himiýa önümçilikleriniň giň möçberli gurluşygyna badalga berildi. Ozal hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ägirt uly çig mal serişdelerine, döredilýän ýokary tehnologiýaly düzümiň mümkinçiliklerine daýanýan himiýa senagatynyň eksport kuwwatlyklary artýar. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň kärhanalary boýunça 2016-njy ýylyň 11 aýynda önümçilik kuwwatlyklarynyň ösüşi 15 göterimden artdy. Şol sanda mineral dökünleriň ösüşi 3,1 göterime, sulfat natriniňki 154,8 göterime deň boldy. Ýurdumyzda we tutuş dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň barşynda mineral dökünleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak himiýa senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Täze kärhanalaryň işe girizilmeginiň we ozal hereket edýän desgalary täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna bu pudak ägirt uly ykdysady girdeji getirer. Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň ösmeginiň möhüm şertini emele getirýän önümçilikde esasy çig malyň üpjünçiligini ýola goýar. Mary şäherindäki karbomid we ammiak önümçiligi boýunça zawodlar toplumy möhüm desgalaryň biridir. Häzirki döwürde “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” ýaly hereket edýän desgalaryň önümleriniň umumy möçberlerini nazara alanyňda ol ýurudumyzyň agrar pudagynyň azot dökünlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ýylda 450 müň tonna çenli döküniň eksport edilmeginiň durnukly ulgamyny kemala getirýär. “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna barabar karbamid önümçiligi bolan täze kärhana hut şu maksada gulluk eder. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corparation” kompaniýasynyň we Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň düzümine girýän “Gap Inşaat” gurluşyk kompaniýasynyň esasynda döredilen konsorsium bilen baglaşylan şertnama laýyklykda uly taslama durmuşa geçirilýär. Ammiak önümçiligi kärhanasy Daniýanyň “Haldor Topse AS” kompaniýasynyň tehnologiýalary biloen enjamlaşdyrylar. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa karbamild önümçiligi üçin möhüm çig mal bolan ammiagyň 660 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Umuman kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid öndüriler. Ol dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümdir. 2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenabat himiýa zawodynda ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça bölümiň açylmagy bu pudakda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Bu waka Türkmenistanyň ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde özleşdirmegi esasy ugur edinýän ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädimi alamatlandyrdy. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň toplumy bu taslam girizildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenabadyň himiýa zawody pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň we ýurdumyzda fosfor dökünlerini öndürýän ýeke-täk düzümiň biri bolup durýar. Fosfor dökünlerini öndürmekde örän möhüm hem-de zerur serişdäniň önümçiligi täze kärhananyň uly geljeginiň bardygyny we onuň girdejili boljakdygyny äşgär edýär. Onuň taslama kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli kükürt kislotasy bilen üpjün etmän, eýsem önümiň uly bölegini eksporta ugratmaga mümkinçilik berýär. Kükürt kislotasy metallurgiýa ulgamynda magdany dargytmak, nebit önümlerini arassalamak tehnologiýasynda ulanylýar. Kärhananyň tehnologiýa ulgamy doly awtomatlaşdyryldy we ol ähli ekologiýa howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramagyň ülňülerine laýyk derejede amala aşyrylýar. Täze kärhanalar toplumyna edara ediş binasy, önümçilik bölümi, suwy himiki arassalamak bölümi, her biri taýýar kükürt kislotasynyň 5 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen 4 sany rezerwuar, 20 müň tonna kükürde niýetlenen serişde ammary, her biri arassalanan we arassalanmadyk suwuk kükürdiň 3 müň tonnasyny saklamak üçin iki ammar girýär. Taýýar önümleri sarp edijilere ugradýan tehnologiýa ulgamy birbada 5 gaba hyzmat etmek ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Ýakyn geljekde Türkmenabadyň himiýa zawodynda hem kükürt kislotasyna bolan ygyzyklanma has ýokarlanar. Pudagy ösdürmegiň meýilnamasynda ýylda 300 müň tonna ýokary hilli konsentrirlenen fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça täze toplumyň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ilkinji we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy özüniň möçberi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk maýa goýum taslamasydyr. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen ýokary hilli mineral dökünleriň önümçilik möçberleri has-da artar. Kaliý duzlary kaliý dökünleriniň önümçiliginde we oba hojalygynda uly islegden peýdalanýan flotasion usul bilen hlorly kaliniň gaýtadan işlenilmeginde uly islegden peýdalanýar. Onuň ulanylmagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyny, olaryň dürli howa şertlerine, kesellere we zyýan berijilere durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Geologiýa barlaglarynyň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýereleşýän Garlyk käninde çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi emele gelýär. Onda milli ykdysadyýetimiz üçin täze bolan dag-magdan senagatyny döretmäge girişildi. Bu käniň işlenip taýýarlanylmagy we onuň çäginde kaliý duzlaryny çykarmak hem-de baýlaşdyrmak boýunça kärhananyň gurulmagy önümiň bu görnüşini eksport etmek üçin ägirt uly mümkinçiligi bolan ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürilmeginde täze sahypany açar. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm taslamasyny “Belgorhimprom” Açyk paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde amala aşyrýarlar. Kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplum ýylda 1 million 400 müň tonna önüme niýetlenendir. 100 gektardan gowrak meýdany bolan bu gurluşyk häzirki döwürde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ony 2017-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Toplumy taslama kuwwatyna çykarmak üçin ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çykarmak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Önümli gatlaklaryň açylmagy bilen olar iki dik şahta sütünleri bilen çykarylar. Olaryň gurluşygy çylşyrymly ýagdaýlary özünde jemleýän örän netijeli tehnologik iş hasaplanylýar. Geljekde senagat toplumy oba hojalyk pudagyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem her ýylda bu gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny eksport etmäge mümkinçilik berer. Baý çig mal serişdeleriniň bolmagy Türkmenistana ýody, bromy we beýleki himiýa önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän iri ýurtlaryň hataryna goşulmaga mümkinçilik berer. Balkan welaýatynda ägirt uly gory bolan iri känler bar. Ol ýerde hereket edýän “Hazar”, “Balkanabat” we “Bereket” kärhanalary her ýylda 570 müň tonnadan gowrak ýod öndürýärler. Türkmenistan ýoduň önümçiliginiň möçberleri boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasynyň çäklerinde tehniki ýody, bromy we olaryň önümçilik desgalaryny gurmak boýunça birnäçe täze desgalary bina etmek meýilleşdirildi. Bu desgalaryň gurulmagy bilen öndürilýän tehniki ýoduň möçberleri has-da artar. Hazar deňziniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Garabogazköl aýlagy dünýäde tebiga şertlerde sulfat natrisiniň we beýleki gymmatly duzly minerallaryň kristallaşmagynyň emele gelýän künjekleriniň az sanlylarynyň biridir. Häzirki döwürde baý ýataklary işläp taýýarlamak çärelerini “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi alyp barýar. Onuň sulfat natrisi, magnisi, hlorly magnisi öndürýän bölümleri hereket edýär. Garabogazköl aýlagynda gidromineral serişdeleri bilelikde toplumlaýyn özleşdirmek, taslamalaryň durmuşa geçirilmegine öňdebaryjy tejribeleri we enjamlary çekmek maksady bilen dünýä belli kompaniýalar bilen 2016-njy ýylda geçirilen işewüp gepleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem, Balkanabat şäheriniň töwereklerinde kaustik sodanyň, suwuk hloruň we hlorly önümleriň önümçiligi boýunça senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Himiýa pudagynyň çig mal we önümçilik mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmek, içerki bazarlary uly islegden peýdalanýan ýokary hilli harytlar bilen doldurmak wezipeleriniň oňyn çözülmegine mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” pudaklaýyn kärhanasynyň binýadynda 40 müň tonna ýodlanan azyk duzunyň we 2500 tonna gerdek görnüşindäki tehniki duzuň önümçiligi boýunça täze bölümi gurmak hakyndaky Kararynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemel. Bu himiýa kärhanasy ýurdumyzda şeýle önümleri öndürmek boýunça oňyn tejribe toplady. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky tükeniksiz duz gorlary bolan Guwly kölüniň tebigy käni önümçiligiň çig mal binýady bolup durýar. Täze senagat kärhanasynyň işe girizilmegi pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer. Ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň çig mal ugradyjy ýurt bolanyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine geçmegi boýunça öňde goýlan döwlet wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hut şu pudaga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde onuň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän pagta süýüminiň ýarsyna golaýyny gaýtadan işlemäge, ýylda nah-mata ýüplükleriniň 118 müň tonnasyny, matalaryň 178 million inedördül metrini, trikotaž matalaryň 11 müň tonnasyny, tüýjümek matalaryň 7,2 müň tonnasyny we 100 million sany tikinçilik we dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi içerki sarp edijileriň isleglerinden has ýokarydyr. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksporta ugradylýar. Ol önümler ekologiýa taýdan arassalygy, tehnologik hili we göze gelüwliligi bilen daşary ýurt sarp edijilerini özüne çekýär. Kärhanalaryň diňe bir tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy däl, eýsem tehnologik ulgamyň netijeliligi dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Dokma ulgamy boýunça birnäçe iri senagat düzümleri “Çig mal—taýýar önümler” ýörelgesiniň çäklerinde hereket edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi ugrundaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwaty ýokary depginlerde ösdürilýär. Häzirki döwürde pudagyň dürli görnüşli önümleriň önümçiligi boýunça 67 kärhanasy hereket edýär. Ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň 70 göterimini gaýtadan işlemek boýunça uzakmöhletleýin esasda önümçilik düzümlerini pugtalandyrmak işleri dowam edýär. Şeýle hem pudakda möhüm ugurdaş wezipeler amala aşyrylýar. Munuň özi içerki bazarlary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmekden, eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmakdan we halkara güwjlere laýyk gelýän harytlaryň önümçiligini artdyrmakdan ybaratdyr. 2016-njy ýylda paýtagtymyzdaky nah-mata toplumynda ýyllyk kuwwaty 2 million 500 müň jübüt jorap öndürmäge niýetlenen seh ulanmaga berildi. Şeýle hem Aşgabadyň Modalar öýüniň binýadynda ýylda 23 müň örme harytlar boýunça trikotaž bölümi, Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadynda ýylda 5 müň tonna regenirlenen süýüm bolan dokma garyndylaryny gaýtadan işleýän zawod işe girizildi. Kakanyň pagta egriji fabriginde Türkmenistan üçin täze bolan ýylda egrilen ýüplükleriň 1 müň 300 tonnasyny öndürýän sehiň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň 11 aýynda kärhanalar boýunça önümçilik meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 1,2 göterime deň boldy. Tikinçilik we trikotaž önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 1,3 göterim, trikotaž matalaryň önümçiliginiň ösüşi 2,9 göterim derejesinde boldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik maksatnamasynyň çäklerinde Ruhabadyň dokma toplumynda ilat arasynda uly islegden peýdalanýan emeli ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli we dürli görnüşli ştapel matalarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem geçen ýylda täzeçil tehnologiýalaryň toplumlaýyn peýdalanylmagynda täze gabardin, kanwas, dürli geýimleriň tikinçiligi üçin laýkr goşulan gabardin önümçiligi ýola goýuldy. Şu matalardan Türkmenbaşy adyndaky Jinsi toplumynda “Bedew” milli nyşanly ýokary hilli erkek kişileriň jalbarlarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Pudagyň kärhanalarynyň işiniň esasy ugry ýurdumyzdaw bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde lybaslary taýýarlamak bolup durýar. Sport baradaky döwlet komiteti bilen alnyp barylýan gatnaşyklar bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Onuň çäklerinde türkmen türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin degişli nyşanlary we milli aýratynlyklary bolan gelşikli geýimleri taýýarlamak baradaky ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan lybaslary we degişli serişdeleri, sportuň dürli görnüşleri üçin milli lybaslary taýýarlamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli ýygyndy toparlarymyz, meýletin ýardamçylar we degişli işgärler üçin ýurudumyzda taýýarlanylýan lybaslarda milli bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman ýörelgeleri utgaşdyrylýar. Bu önümleriň nah we garyşyk matalardan, şol sanda Ruhabadyň dokma toplumynda öndürilen ştapel matalaryndan, Gypjagyň, Gökdepäniň dokma toplumlarynda, paýtagtymyzyň “Aşgabatdokma” we “Türkmenbaşydokma”, Jins toplumlarynda, şeýle hem “Ahal”, “Bahar”, “Bezeg” tikin fabriklerinde degişli nyşanlar bilen lybaslaryň taýýarlanylýandygyny bellemeli. Ýüpekçiligiň ösdürilmegi halkymyzyň durmuşynda gadymy döwürlerden bäri möhüm orun eýeläpdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda onuň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Pudagy depginli ösdürmek maksady bilen, işlenip taýýarlanylan çäreler pileden ýokary hilli ýüpekleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna, ýüpekden taýýarlanylýan we daşary ýurt sarp edijileriniň uly gyzyklanma bildirýän matalarynyň köp möçberiniň öndürilmegine gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn syýasaty netijesinde milli mirasymyzy goramaga we ösdürmäge, halyçylyk pudagynynyň işini kämilleşdirmäge, halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň gadymy däplerini ösdürmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Ajaýyp çeper senetkärçiligi giňden wagyz etmek, ajaýyp gözelligi bolan gadymy matalaryň nusgasyny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanda ozal hereket edýän fabrikleriň we önümçilik sehleriniň binýadynda täze bölumler açylýar we ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Olarda netijeli zähmet we ussat halyçylaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen halyçylarynyň el halylaryny dokamak boýunça milli däplerine daşary ýurtlaryň bu sungatyň muşdaklarynyň gyzyklanmalarynyň yzygiderli artýandygyny bellemeli. Ýurdumyzda türkmen halysyna bagyşlanyp her ýylda geçirilýän Halkara sergisine we maslahatyna daşary ýurtly alymlaryň, öňdebaryjy hünärmenleriň, meşhur haly öndürijileriň, işewürleriň, belli söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Paýtagtymyzda iri haly forumy däp boýunça her ýylda Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli geçirilýär. Häzirki döwürde “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi ýurdumyz boýunça çeper halyçylyk kärhanalarynyň uly toplumyny, şeýle hem ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän, egirýän we boýag edýän ýöriteleşdirilen düzümleri özünde jemleýär. 2014-nji ýyldan bäri geçen döwürde Marynyň ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän fabriginde ýylda 4 müň tonna ýuwulan ýüňi taýýarlaýan täze önümçilik bölümi işe girizildi. Onuň önüminiň ondan bir bölegi pudagyň ýüň egirýän fabrikleriniň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Önümiň bir bölegi içerki bazara, beýleki bir bölegi bolsa daşary ýurtlara ugradylýar. Şunlukda, ýurdumyzyň telekeçileri milli halyçylyk işini ösdürmek, bazarlary owadan hem-de ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek mümkinçiligine eýe boldular. Halylar ýaşaýyş jaýlarynyň bolşy ýaly, edara-binalarynyň, kärhanalaryň, durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň çeper bezegine öwrüldi. Milli nagyş işleri bilen häzirki zaman ýörelgeleri esasynda öndürilýän önümleriň möçberleri mundan beýläk-de artdyrmak, pudagyň kärhanalarynyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin saryja tohumyndaky goýunlaryň ýazky ýüňleri möhüm serişde bolup durýar. Olar aýratyn berkligi we ýüplükleriň çeýeligi bilen tapawutlanýar. “Argaç” ýüň egirme fabrigi şu ugur boýunça ýöriteleşdirilen kärhana bolup durýar. Onuň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmagy netijesinde kärhana “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň halyçylyk kärhanalaryny arassa ýüňleriň ýüplügi bilen doly möçberde üpjün edýär. Ýurdumyzda iri Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik binýady giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynda hereket edýän kärhananyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagynyň barşynda goşmaça täze önümçilik sehi gurulýar. Desganyň işe girizilmegi bilen arassa ýüň ýüplükden dokalýan haly önümleriniň möçberleri häzirki wagtdakysyndan her ýylda 1500 inedördül metr artdyrylar. Şeýle hem bu ýerde äpet halylary dokamak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin kärhananyň ussahanalarynda has kämilleşdirilen we halyçylaryň zähmetini ýeňilleşdirýän degişli gurnamalar işlenip taýýarlanylýar. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty halylaryň hem-de el haly önümleriniň öndürilişini meýilnama laýyklykda artdyrmaga gönükdirilendir. Olaryň arasynda, täze gurulýan edara binalaryny hem-de dürli maksatly desgalary bezemek üçin uly döwlet buýurmalary boýunça, şeýle hem içerki bazaryň hem-de bu sungatyň daşary ýurtly muşdaklarynyň örän kän isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýerine ýetirilen owadanlyk hem-de çeperçilik taýdan ajaýyp nusgalyk önümler bar. Şunlukda, 2016-njy ýylyň ýanwaryndan noýabryna çenli Döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynda 39 müň 447 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy. Bu döwürde öndürilen önümleriň umumy möçberi boýunça meýilnama görkezijileri 109,0 göterim derejesinde ýerine ýetirilip, öňki ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 4,6 göterim ýokary ösüş depgini üpjün edildi. 2016-njy ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümleriniň senagat önümçiligi boýunça täze iri kärhananyň, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyşy boldy. Bu şanly waka milli ykdysadyýetimiziň nobatdaky ähmiýetli sepgide çykmagyny, gaýtadan işleýän senagat pudagynda döwüriň talap edýän täze pudagynyň döremegini alamatlandyrýar. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşmaklary mynasybetli hil taýdan täze derejä çykmak üçin uly kuwwatlyklar döredildi. Toplum esasy bölüm bolan—haly dokaýyş bölümini, taýýar haryt önümine çenli işläp taýýarlaýyş bölümçesini, çig mal — polipropilen we akril ýüplükleriniň önümçiligi boýunça iki bölümçäni, şeýle hem türkmen el halylaryny taýýarlamak boýunça bölümçäni öz içine alýar. Maşyn bölümlerinde öňdebaryjy daşary ýurtly öndürijileriň iň täze tehnolgiýalary guralandyr. Olar kärhana awtomatlaşdyrylan usulda ýylda 800 müň metr haly we haly önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhana doly taslama kuwwadyna eýe bolandan soň bu ýerde 500 täze iş orunlary dörediler. Täze halyçylyk kärhanasynyň tapawutly hem-de kanunalaýyk aýratynlygy hem türkmen el halysynyň önümçiligi hem-de halk senetçiliginiň önümleri bolan keçe hem palas dokamak boýunça bölüm bolup durýar. türkmen halkynyň gadymdan gelýän senetleriniň inçe syrlaryny aýap saklamak, el işleriniň ajaýyp önümlerini döretmek, bu milli baýlyga belent sarpa goýýan, bu sungata özüniň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplaryny bagyşlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýokary göterildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly halkymyzyň däp-dessurlarynyň dowamat dowam edýänligi, olaryň ösdürilýänligi aýratyn äheňe eýe boldy. Ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň tutuşlugyna, mundan beýläk hem batly depginler bilen ösmegi üçin milli elektron senagatynyň gürrüňsiz uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň senagaty üçin täze bolan bu ulgamyň ösüşine ýurtda elektron enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasy güýçli itergi berdi. Täze maksatnama bäsdeşlige ukyply, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy elektron we elektrotehniki pudaklary döretmäge, içerki hem daşarky bazarlar üçin harytlary öndürmäge gönükdirilendir. Ýarym geçirijili bölekleri, gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwüriji bölekleri, elektron serişdelerini, awtomatika elementlerini, yşyklandyryş enjamlaryny, şol sanda LED-çyralaryny, elektrik energiýasynyň sarp edilişini ölçeýän elektron abzallary we beýlekileri öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar. Elektrik paýlaýjy enjamlary, yşyklandyryş enjamlaryny öndürmek üçin kiçi kärhanalaryň ulgamyny döretmek maksady bilen Senagat ministrliginiň «Türkmenmaşyngurluşyk» Döwlet konserni bilen «Sowatly gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Elektron ylhamy » atly ýöriteleşdirilen Hojalyk jemgyýeti döredildi. Kärhananyň binalarynyň birinde 63 kBA kuwwatlylykdan 1000 kBA kuwwatlylyga çenli transfrmator beketleriniň toplumynyň önümçiligi äýýämden başlandy. Awtomatika elementleriniň önümçiligi ýene bir ugurdyr. Bu maksat üçin Döwlet konserni hem-de «Tehniki serişdeleriň serwisi» Hojalyk jemgyýeti bilelikde «Senagat tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretdiler. Hususan-da bu ýerde «touch screen» maglumat electron tablolary, şeýle hem gün energiýasy bilen awtomatiki usulda işleýän köçe salgyny görkezijileri öndürmegi ýola goýmak göz öňünde tutulýar. «Jahan elektronik» hususy kärhana bilen bilelikdäki beýleki bir kärhananyň, «Elektronik senagaty» kärhanasynyň işe girizilmegi bilen häzirki zaman elekroenjamlaryň beýleki görnüşlerini hem öndürmäge mümkinçilik dörär. Mundan başga-da Aşgabadyň elektrotehniki zawodynda elektrik hasaplaýjylary ýygnamak boýunça täze önümçilik bölümini açmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde bu önümiň ilkinji nusgalary eýýämden ýygnaldy, geljekde bolsa yzygiderli önümçilik ýola goýlar. Uly maýa goýumlary gönükdirilýän balyk senagatynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de azyk ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudagyň ösdürilmegine ilkinji derejeli üns berilýär. Soňky ýyllarda pudagyň hojalyk kärhanalarynyň hil taýdan täzelenmegi hem-de enjamlaşdyrylmagy, täzeçil tehnologiýalar esasynda täze iri senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde balyk tutulmagynyň möçberi yzygiderli artýar, şeýle hem balyklary emeli usulda ýetişdirmäge hem-de howdanlardaky balyklary köpeltmäge, balyk önümleriniň giň görnüşli önümçiligini artdyrmaga we ýokary hilli gaýtadan işlemäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligi ýokarlanýar. Şunlukda, ýurdumyzyň balykçylyk gämileriniň üstüniň täze üç sany balyk doňduryjy gämiler bolan, her biriniň sowadyjylyk kuwwaty 100 tonna barabar bolan «Bereket», «Balykçy» hem-de«Garlawaç» gämileri bilen doldurylmagy netijesinde Hazar deňzinde hem balyk tutulyşy ep-esli artdy. Şunuň bilen baglylykda «Balkanbalyk» Döwlet kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga hem mümkinçilik döredi. Şunlukda, 2016-njy ýylyň 10 aýynyň netijeleri boýunça Hazar deňzinde balyk tutulyşynyň möçberi 20 esse artdy. Ýylyň 11 aýynyň dowamynda bolsa Balyk hojalygy Döwlet komitetiniň kärhanalary tarapyndan balyk önümleriniň öndürilişiniň umumy ösüşi 22,6 göterime barabar boldy, şol sanda balyk tutmak boýunça 23,7 göterim ösüş gazanyldy. Pudagyň üstünlikli ösüşi Türkmenbaşy etrap merkezinde Merkezi Aziýa sebitinde iň iri kärhananyň, bekre balyklary ýetişdirmek, gara işbil we balyk önümleri toplumyň —ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Hazar balyk» açyk paýdarlar jemgyýetiniň açylmagy bilen hem baglanyşyklydyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bekre balyklaryny emeli ýol bilen ýetişdirmek we balyk önümlerini öndürmek boýunça ýene bir önümçilik toplumynyň gurluşygy baradaky çözgüt içerki bazary doly üpjün etmek maksady bilen ýokary hilli balyk önümleriniň mukdaryny hem-de görnüşlerini mundan beýläk hem artdyrmak wezipesi bilen şertlendirilendir. Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda hem-de Mary şäherinde işe girizilen balyk önümlerini saklamak üçin niýetlenen täze desgalar, gaýtadan işleýji pudaklaryň toplumlaýyn ösüşiniň hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişiniň çäklerinde balyk senagatynyň depginli ösmegine gulluk eder. Şeýlelikde, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasynda, gaýtadan işleýji senagatyň gazanan üstünlikleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow