Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 01.03.2024
2454

Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki saparynyň we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň döwletara dialogynyň taryhynda möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Şunda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygy nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi. “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedir. Hazar deňziniň kenar ýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly görnüşdäki elektrostansiýa bolsa, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, şeýle hem doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.

Işewür bildirilýän ynam üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagynyň türk holdingi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk  türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine hem-de özlerine ynanylan desgalardaky ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow