Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap
Teswirlemeler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly - beýik maksatlara tarap
Çap edildi 01.01.2017
4909

Türkmenistan 2016-njy ýylyň aýagyna durmuş-ykdysady ösüşiniň oňat görkezijileri, tutuş sebit üçin ähmiýeti uly bolan iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen gelip, ertirki gününe ynamly garaýar hem-de täze, 2017-nji ýyly giň gerim bilen garşylap, Garaşsyz Bitarap döwletiň şanly ýylýazgysynda nobatdaky sahypany açýar. 2017-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly ýyl bolar, ozaly bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler, olara taýýarlyk görmek güýçli depginde dowam edýär. Ýurdumyzda saýlawlaryň öňýnyndaky möwsüm dowam edýär, onuň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysy bellige alyndy, şu günler olar milli telewideniýe boýunça we merkezi metbugatda maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Ýakyn wagtda saýlawçylar bilen duşuşyklar başlanar. 12-nji fewralda bolsa her bir türkmenistanly geljegiň öňünde ähli jogapkärçiligi bilen öz erk- islegini beýan edip, eziz Watanymyzyň we tutuş halkyň geljekki ykbaly üçin umyt baglaýan adamy üçin öz sesini berer. Ýene bir möhüm waka – ýurdumyz üçin adaty bolmadyk waka bolup, ol ylalaşdyryjy döwlet hökmünde onuň halkara ornuny giňeltmäge, Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga hem-de ilatyň saglygyny berkitmek boýunça hemmetaraplaýyn işe uzakmöhletleýin itergi bermäge gönükdirilendir. Ol Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boup, olar sentýabr aýynda Aşgabatda gurulýan hem-de Orta Aziýada deňi-taýy bolmadyk Oilmpiýa şäherjiginde geçiriler. Oýunlar öz tapgyrynda giň gerime eýe bolup, dünýä ýurtlarynyň 62-sinden, şol sanda Okeaniýadan türgenleriň 5 müňden gowragyny bir ýere jemlär, munuň özi Aziadanyň taryhynda deňi-taýy bolmadyk wakadyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda boljak uly wakalary nazara almak bilen, ony “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýen şygar astynda geçirmegi teklip etdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, ýyly ol ýa beýleki jemgyýetçilik – ähmiýetli mowzuga bagyşlamak barada esasyny goýan ajaýyp däbi dowamyna eýe bolup, ýurdumyzyň häzirki ösüşini we rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny, her bir adamyň mümkinçilikleriniň açylmagyny göz öňüne getirip bolmaýan esasy durmuş gymmatlyklarynyň many- mazmunyny özünde jemledi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykaran döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk düşünjesi- bu diňe keselleriň öňüni almagy däl-de, eýsem durmuş howpsuzlygyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmagy, sportuň, sagdyn iýmitlenmegiň ösdürilmegini, maşgalada çagany terbiýelemek we bilim bermek meselelerini, eneligi hem-de çagalygy goldamak, demografiýa, ekologiýa, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hukuk goraglylygyny we beýlekileri öz içine alýar. 2017-nji ýylyň şygarynda iki düşünje – sagdynlyk we ruhubelentlik sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi kanunalaýyklykdyr: sagdyn adam ägirt uly meýilnamalary düzmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amala aşyrmak höwesine hem eýe bolýar. Sagdyn jemgyýet – bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Şeýle jemgyýet özboluşlylygyny saklap, däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna ygrarlylygyny saklaýar hem-de oňyn özgertmelere açyk bolan öňdebaryjy täzelikleri höwes bilen kabul edýär. Ruhubelentlik – bu “uçgunjyk” bolup, ol islendik işe, zähmete, maksada paýhasyň, erk - islegiň we döredijilik ylhamyň gujur-gaýratyny çaýýar. Garaşylyşy ýaly, ýylyň maksatnamasyna sagdynlyk, işjeň durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe – sport hereketini wagyz etmegi, milletiň medeni we ruhy maýasyny artdyrmagy ugur edinýän çäreler girer. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durmuş ähmiýetli taslamalary, şol sanda çagalary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, raýatlygy we watançylygy terbiýelemek, ösüp gelýän nesli ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça taslamalary goldamak ýaly wezipeler bar. Elbetde, milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Ilatyň saglyk ýagdaýynyň onuň zähmete ukyplylygyna göniden-göni bagly bolup, umuman, döwletiň ykdysady işjeňligine täsir edýändigi gürrüňsizdir. Ýöne döwletimiziň öz raýatlarynyň saglygy baradaky aladasynyň esasynda diňe halk hojalygyna degişli oýlanyşykly pikirler durman, eýsem, ilkinji nobatda, her bir adamyň saglyga bolan hökmany hukugynyň üpjün edilmegi, öz wagtynda lukmançylyk hyzmaty, örän giň görnüşli ýokary hünär derejeli lukmançylyk kömegine deň elýeterlilik durandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolman, jemgyýetçilik, döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap aldy. Onuň merkezinde bolsa adam, durmuşyň mynasyp şertleri durýar. Şoňa görä-de, bu gün, bir tarapdan, saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, şol sanda her kimiň öz saglygyna jogapkärçiliginiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutýan bolsa, beýleki tarapdan, döwlet munuň üçin hemme şertleri, giň mümkinçilikleri döredip, ählitaraplaýyn goldaw berýär. Saglygy goraýyş syýasaty daşky gurşawy goraýyş ulgamynda, ykdysady we bilim syýasatynda, medeni hem-de ruhy ulgamda, sportda berjaý edilýär. Bir söz bilen aýdylanda, ol adamlaryň beden we ruhy taýdan doly bahaly sagdyn bolmagy üçin ähmiýetli bolan ähli ugurlary öz içine alýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi hem, ýurdumyzyň azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy hem, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi hem, adamlaryň zähmet çekmek, bilim alyş, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy hem, maşgalanyň abraýynyň artmagy hem, ahlak gymmatlyklarynyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy diňe tehnologik taýdan lukmançylyk ösüşinden jemgyýete we adama has köp peýda getirýär. “Saglyk” diýen düşünje ählumumylaşmak ýagdaýyna gurşalan häzirki zaman dünýäsinde adamzat siwilizasiýasynyň diňe milli däl, eýsem, dünýä derejesindäki ösüşleriň ugurlaryny özünde jemleýän uly möçberli syýasy derejä öwrülýär. Ynsan saglygy üçin iň howply ýagdaýlaryň biri hökmünde çilimkeşlige garşy göreşmek bütin dünýäniň öňünde durýan esasy meseleleriň biri boldy. Şu babatda hem Türkmenistan temmäkä gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çarçuwaly maksatnamasyna diňe goşulman, eýsem, temmäkini ulanmagyň ýaramaz netijelerinden häzirki we geljekki nesilleri goramak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň liderligi hem-de syýasy ygrarlygy netijesinde, ony iş ýüzünde durmuşa geçirip, görelde görkezýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramaga bolan hukugy “Temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Kanun bilen goralandyr, beýleki çäreler hem görülýär. Şolaryň netijesinde, BSGG bilen bilelikde geçirilen barlaglaryň netijeleriniň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistan temmäki ulanylyşynyň iň pes görkezijisi bolan ýurtdur. Temmäki ulanylmagyna garşy göreşde bitiren hyzmatlary we oňa goşan goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň iýun aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite medaly bilen sylaglandy. BSGG-niň ýolbaşçysy Margaret Çeniň ýokary sylagy gowşurmagy adamlaryň saglynyň goragyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeliliginiň, hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň bize berýän anyk netijelerine ýokary bahanyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyny tassyklap, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär. Sagdynlygyň, işjeň dynç alşyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz sözüniň işden aýra çykmaýandygyny anyk netijeler bilen subut edýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň hem-de bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolmak ugrunda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörelgeleri halkymyz we her bir raýatymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Munuň özi milletimiziň ykbalyna, häzirki hem-de geljekki nesilleriň saglygyna biparh bolmadyk adamlaryň, şeýle-de dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalarynyň goldawydyr. Adam ömrüniň uzaklygy, olaryň ösüş derejesi halkymyzyň dessurlary, tebigy-howa şertleri we jemgyýetimiziň aň-bilim derejesi bilen baglydyr. Hut şonuň üçin hem, döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini möhüm ugur hökmünde kesgitläp, daşky gurşawy gopramak, ykdysady, ylym-bilim we medeni ösüşi gazanmak wezipelerini öňe sürýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna, adamlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleri ulgamynyň doly güýjünde peýdalanylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, saglygy goraýyş meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri durmuşymyza ornaşdyrdy. Adam maýasynyň ösüşiniň geljekki möhüm ugurlary onuň esasyny düzdi. Ilatyň saglygy, her bir raýatyň abadançylygy ösüşiň baş maksady bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik usullaryny esasy ugur edinýän milli ýörelgelerinde öz beýanyny tapýan halk baradaky hakyky aladasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň sport babatdaky maksatnamalaýyn syýasaty oňyn netijesini berýär. Türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykyp, ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin sport we bedenterbiýe hereketine dürli ýaşdaky adamlaryň müňlerçesi gatnaşýar. Ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýokary netijeli sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Olar häzirki döwürde 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek bäsleşikler ýurdumyzda guralýan ilkinji yklymlaýyn ýaryşlardyr. Bu ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Aziýa Olimpiýa Geňeşi, beýleki halkara guramalary, daşary ýurtlaryň tejribeli hünärmenleri, bilermenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Munuň özi ýaryşlaryň hemmeler üçin has ýatda galyjy hem-de netijeli bolmagyna kömek eder. Aziadanyň ýokary derejede geçirilmegi, oňa görülýän taýýarlygyň ýokary hili Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine ýardam eder hem-de ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Aziadanyň esasy maksatlarynyň biriniň sporty wagyz etmekden ybaratdygyny belläp, onuň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin örän ähmiýetlidigini aýdýar. Halkara ýaryşlary ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri, ýaş nesilleri berk bedenli edip terbiýelemekde oňat mümkinçilikleri döreder hem-de ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny üpjün eder. Aziýa oýunlary-- munuň özi ägirt uly sport baýramçylygy bolup, oňa häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça taýýarlyk görülýär. Şunda ýurdumyzyň sport durmuşynda durmuşa geçirilýän çäreler yzygilderli dowam edýär. Aziýa oýunlary milli sportuň ösdürilmeginde täze tapgyry açar. Bu ýaryşlar sporty wagyz etmekde, tälimçileri we halkara derejeli eminleri, sport lukmanlaryny, psihologlary, ahyrky netijede bolsa, kämil türgenleri taýýarlamakda uly tejribe toplanylmagyny, bu ugurda ýokary netijelere eýe bolunmagyny üpjün eder. Oýunlaryň guraljak meýdançalary, türgenleşik geçiriljek toplumlar halkara görkezijilerine kybap derejede taýýarlanylýar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi diňe bir sport ýaryşlaryny geçirmäge niýetlenen desgalar toplumy bolman, eýsem, Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan işleriniň möhüm bölegine öwrüler hem-de Aşgabadyň keşbine täze öwüşgin çaýar. Munuň özi beýik ýeňişlere we belent ruha bolan güýjüň, erkiň jemlenmesidir. 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary müňlerçe täze iş orunlaryny döreder. Içerki hem-de daşarky söwdanyň, işewür we syýahatçylyk çäreleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Oýunlara ýardamçy boljak hünärmenleriň umumy sany 11 müňe golaý bolup, olaryň 10 müňüsi meýletin ýardamçylardyr. Aşgabatda geçiriljek yklym ýaryşlary Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyny üpjün etmek bilen, halkara teleýaýlymlarda, Internet giňişliklerinde ýurdumyzyň giňden wagyz edilmegine, syýahatçylygyň ösdürilmegine, döwletimiziň dünýäniň sport hereketine işjeň goşulyşmagyna kuwwatly itergi berer. Şeýle hem bu çäreler ýurdumyzyň gözelligini, köpöwüşginliligini, halkymyzyň myhmansöýerligini dünýä açyp görkezmäge, Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna taýýardygyny beýan etmäge mümkinçilik berer. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň baş şygarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” –dygy bellärliklidir. Bu şygar ýylyň nyşanyny hem-de geçiriljek dürli çäreler toplumynyň maksadyny kesgitledi. Şeýle hem ol esasy durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny, adamlaryň asylly ýörelgelere, beýik maksatlara bolan ynamyny, beýik ruhuny özünde jemleýär.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow