Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy
Çap edildi 21.02.2024
3142

Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Ýurdumyza sapar bilen gelen belent mertebeli myhman türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanyldy.

Gahryman Arkadagymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman türkmen topragynda ýene-de saparda bolýandygyna örän şatdygyny belledi.

Ýokary wezipeli wekil Milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtap, onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary netijeliligi durmuş-ykdysady ösüşiň we taraplaryň her biriniň ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýär hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda umumy tagallalary açyp görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna täze itergi berip, iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna şert döretdi.

Söhbetdeşler ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow