Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat MIRZIÝOÝEWE
Syýasy habarlar
Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat MIRZIÝOÝEWE
Çap edildi 21.02.2024
2405

Hormatly Şawkat Miromonowiç!

Gadyrly doganym!

Ilki bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge goşýan şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Siziň Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary kabul etmegiňiz hem bu ugurdaky tagallalaryňyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Siziň döredijiligi, filosofik mirasy bilen adamzadyň ruhy genji-hazynasynda hemişelik orun alan mugallym we ynsanperwer Magtymguly Pyragynyň umumydünýä edebiýatynyň hem-de medeniýetiniň taryhynda görnükli orny baradaky sözleriňiz bilen doly ylalaşýaryn. Elbetde, biz Magtymgulynyň türkmen we özbek halklarynyň doganlygynyň, dostlugynyň, ykballarynyň bitewüliginiň binýadyny döretmäge goşan uly goşandyny hemişe aýratyn minnetdarlyk we buýsanç duýgusy bilen belleýäris.

Şahyryň terjimehalynda we döredijiliginde Özbegistan aýratyn orny eýeleýär. Hywada bilim alan döwri, ol Özbegistanyň taryhyny oňat özleşdiripdir, çuňňur hormat hem-de gyzyklanma esasynda onuň topragyna, halkyna, däp-dessurlaryna tüýs ýürekden söýgi bilen aralaşypdyr. Häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň özbek dilinde ýaňlanmagy, Özbegistanyň mekdeplerinde, ýokary bilim ojaklarynda öwrenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistanda hem Alyşir Nowaýy, Mirzo Ulugbek, Munis Horezmi ýaly beýik özbek şahyrlary, akyldarlary hem alymlary tanalýar we hormatlanýar.

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mäkämliginiň, taryhy ykballarynyň umumylygynyň, agzybirligimiziň, hemişe bile bolmaga taýýardygymyzyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler. Kabul edilen Karar üçin Size ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we syýasy işiňizde täze üstünlikleri, Özbegistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
top-arrow