Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 13.02.2024
2507

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Leonardo S.p.A.” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Italiýanyň işewür toparlarynyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, taslamalaryny amala aşyrýan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunda Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň Ýewropada Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň barşynda meýilleşdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Italiýanyň ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy munuň aýdyň beýanydyr.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň kompaniýalarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda, aýratyn-da, hususy bölekde ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Munuň üçin ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilen uly mümkinçilikler bar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öz tarapyndan “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.

Işewür döwlet Baştutanymyza hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça geçirilen netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, italiýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistanyň we meşhur italýan kompaniýasynyň işewür gatnaşyklary uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow