Köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 100-e golaý türgen gatnaşdy. Sport baradaky döwlet komitetiniň we Agyr atletika boýunça milli federasiýanyň guran bu birinjiliginiň jemleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi saýlanyp alnar. Zenanlaryň toparynda Braziliýada geçirilen Olimpiada-2016-a gatnaşyjy, halkara derejeli sport ussady Gülnabat Kadyrowa has tapawutlanyp, 69 kilograma çenli agram derejede birbada milli rekordlaryň üçüsini täzeledi. Ştangany silkip götermek boýunça 93 kilogram, itekläp götermek boýunça hem 113 kilogram netije görkezip, jemi 206 kilogram netije bilen şeýle üstünlige eýe boldy. Dünýäniň esasy ýaryşlarynda hem Gülnabadyň bu iki görnüşiň jemi boýunça 195 kg netije bilen rekopd derejesine ýetendigini ýatladýarys. Indi ol görkeziji 11 kg ýokarlandyryldy! Şahsy görkezijileriniň durnukly ösüş häsiýete eýe bolmagy Gülnabadyň Aziada-2017-ä galan wagtyň dowamynda has-da uly üstünlikler gazanjakdygyna umyt etmäge mümkinçilik berýär. Muny onuň goşmaça – resmi taýdan bellige alynmaýan itekläp götermekde dördünji synanyşygy hem görkezdi. Şunda G.Kadyrowa 115 kilogram agramy götermegi başardy. Geljegi uly türkmen türgeni Aýsoltan Toýçyýewa (75 kg çenli) itekläp götermekde dört gezek synanyşdy. Ol 115 kilogram netije görkezip, milli rekordy täzeledi, goşmaça synanyşykda bolsaol netijäni ýene üç kilogram artdyryp, ýurdumyzda apsolýutgörkezijini gazandy. Iki synanyşygyň jemi boýunça 200 kilogram – bu agram derejesinde ýene bir täze rekorduň goýlandygyny görkezýär. 63 kilograma çenli agram derejede hem iki rekord goýuldy. Ýetginjekleriň arasynda 2014-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatynda ikinji orna mynasyp bolan 17 ýaşly sport ussady Polina Gurýewa itekläp götermek boýunça görkezijisini gowulandyryp, (106 kg) iki synanyşygyň jemi boýunça 190 kilogram netije gazandy. Bu bolsa onuň “halkara derejeli sport ussady” adyna eýe bolmagy üçin esas döretdi. Şeýle hem Ýyldyz Jumabaýewa (48 kg çenli), Bägül Berdiýewa (53 kg çenli), Kristina Şermetowa (58 kg çenli) we 15 ýaşly Sangiza Bahtiýarowa (75 kilogramdan ýokary) birinji orunlara eýe boldular. Ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň aýdyşy ýaly, ýaryşa gatnaşan zenan türgenleriň ählisi öz şahsy rekordlaryny täzelediler. Zenanlaryň arasynda sportuň agyr atletika görnüşiniň yzygiderli ösüşe eýe bolmagy, ygtybarly sport binýadynyň döredilmegi bilen baglydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpugurly häzirkizaman sport toplumlary bina edildi. Bu bolsa köpsanly zehinli ýaşlaryň sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyna ýardam berdi. Şularyň esasynda tälimçiler ýetginjekleriň arasynda geljek ýylyň aprel aýynda Bangkokda (Tailand) geçiriljek Aziýa çempionatyna uly umyt baglaýarlar. Erkekleriň toparynda 105 kilogramdan ýokary agram derejede tapawutlanan Hojamuhammet Toýçyýewiň üstünligini bellemelidiris. Bu ýaryşlaryň öň ýanynda ol Kataryň kubogy we Aziýanyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarynda jemi üç medala – iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandy. Watanymyza gaýdyp gelen badyna türkmen agyr atletikaçysy sport meýdançasyna çüykyp, iki görnüş boýunça 400 kilogram (silkip götermekde 180, itekläp götermekde 220 kilogram) netije bilen öz agram derejesinde ýurdumyzda iň güýçli agyr atletikaçy türgendigini ýene bir gezek görkezdi. Osman Handurdyýew (56 kilograma çenli), Döwlet Gorganow (62 kilograma çenli), Rahmetjan Sultanow (69 kilograma çenli), Rejepbaý Rejepow (77 kilogrma çenli), Şöhrat Hojamyradow (85 kilograma çenli), Yzzat Merediw (94 kilograma çenli) we Öwez Öwezow (105 kilograma çenli) birinji orunlary eýelediler. Bu ýaryşda ýeňişlere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlardan başga-da, sylaglary gowşurmak dabarasynda türkmen türgeni Azat Serdarowyň şu ýylyň oktýabr aýynda ýetginjekleriň arasynda Malaýziýanyň Penanga şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp bolandygy aýratyn bellenildi. Agyr atletika boýunça milli federasiýanyň adyndan bu türgene we onuň tälimçisi Şatlyk Durdygylyjowa pul baýraklary gowşuryldy. Biziň türgenlerimiz häzirki wagtda 2017-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Bäsleşikler Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda guralar. Onuň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak milli toparyň gutarnykly düzümi yglan ediler.