Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Teswirlemeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2023-nji ýyl
Çap edildi 11.01.2024
3956

Ylym-bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpeleriň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň ruhubelentlik bilen gadam basandyklaryny bellemelidiris. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň işjeň çekilendigini nygtamak zerur. Munuň özi häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere gatnaşmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny iş ýüzünde ýüze çykarmaklary, döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzda gurlan täze binalaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary hünär derejeli ýolbaşçy işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny bellemek bolar.

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji sentýabrda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar. Ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejä çykýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

“Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna” laýyklykda, türkmen ýaşlary 2023-2024-nji okuw ýyly üçin bu dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga ugradyldy. Şeýle hem türkmen ýaşlary gazanylan hökümetara ylalaşyk esasynda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ojaklaryna okuwyny dowam etdirmäge iberildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin döwletimiz mundan beýläk-de yzygiderli esasda ähli mümkinçilikleri döreder. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreler geljekde-de dowam etdiriler.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu kafedralar adaty kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag merkezleri bolup, olarda bilim bermek işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar. Şunda degişli bölümler ýokary bilimi, ylmy ösdürmäge degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça tejribe, bilim we maglumat alyşmakda uly orny eýelär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň bilelikde gatnaşmagynda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda “Parahatçylygyň dilleri”, “Parahatçylygyň medeniýeti” we “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO klublarynyň açylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz”, Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klublary döredildi. Akademiýadaky klubuň işi Türkmenistanyň özboluşly medeni mirasy bolan ahalteke atçylygyny gorap saklamaga, dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berer.

Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen bu guramanyň çäklerindäki taslamalara ýaşlary çekmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Ýaş diplomatlaryň halkara merkezini döretmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň şahamçalaryny açmak bilen bagly degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň giň gerimli bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, beýleki ugurlarda-da halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň we birnäçe daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi. Ýokary okuw mekdeplerimizde Russiýadan, Gazagystandan, Beýik Britaniýadan alymlaryň gatnaşmagynda professor-mugallymlar düzümi we dürli ýöriteleşdirilen bilim edaralarynda okaýanlar üçin okuw sapaklarynyň toplumy geçirildi. Bu çäre “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guraldy. “Matematiki modelirlemäni guramak”, “Emeli aňyň geljegi: Emeli aň dünýäni nähili özgerdýär?”, “Iňlis dilinde bilim we uniwersitetleriň halkaralaşdyrylmagy”, “Durnukly ösüş maksatlary üçin ylym, tehnika we durmuş syýasaty ulgamynda innowasiýalar” atly mowzuklar degişli okuw sapaklarynyň esasy özenini düzdi. Şunuň bilen birlikde, bilim bermegiň innowasion usulyýeti, daşary ýurt dillerini okatmagyň didaktiki aýratynlyklary, ýokary okuw mekdepleriniň işiniň hünär ugry, ylym ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň tutýan orny, üznüksiz bilim ulgamynyň möhüm düzümi hökmünde halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mekdep mugallymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, bilim ulgamynyň beýleki hünärmenleri daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Şeýlelikde, tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda türkmen wekilleriniň ýüzlerçesi daşary ýurtlara iberildi. Bilim işine dünýä ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. BMG-niň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ýaly ugurdaş düzümler bilen hem bilelikde işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilimi dolandyrmakda täze maglumat ulgamyny ornaşdyrmagyň üstünde işlenilýär. Şu babatda eýýäm synag görnüşinde ýörite programma hem işlenip taýýarlanyldy. Bu ulgamy ornaşdyrmak üçin ÝUNISEF tarapyndan Bilim ministrligi hem-de oňa degişli Innowasiýa maglumat merkezi bilen bilelikde bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny tanyşdyrmak, onuň ulanylyşyny ýurdumyzyň hünärmenlerine öwretmek maksady bilen, okuwlar geçirildi. Täze ulgamyň ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda işleri awtomatik usulda dolandyrmaga, maglumatlary toplamak işini sanlylaşdyrmaga, olaryň ählisini amatly bitewi ulgamda ýerleşdirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýokary we orta hünär bilim edaralarynyň okuw işiniň hiliniň ölçeglerini we görkezijilerini toplaýan hem-de awtomatik ýagdaýda seljerýän ulgam, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 7 ugur boýunça bahalandyrma işini geçirýän ýörite sanly ulgam işe girizildi. Diýarymyzyň bilim ojaklarynyň 8-si “UI GreenMetric” agentligi tarapyndan 2023-nji ýyl üçin işlenip taýýarlanan dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizildi. Bu sanaw ýokary okuw mekdepleriniň ekologik desgalarynyň kämilleşdirilişine, olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşandyna laýyklykda taýýarlanylýar. Şunda alty ugur — ýokary okuw mekdebiniň gurluş infrastrukturasy; gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek; daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň taşlanmagynyň öňüni almak; suwuň tygşytly peýdalanylmagy; ulaglary çäklendirmek we pyýadalaryň sanyny artdyrmak; ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermek işi we ylmy-gözlegler boýunça baha berilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy Halkara uniwersitetler birleşiginiň işjeň agzasy bolup durýar.

Ýokary we orta hünär bilim edaralarynda elektron bilim portallary işe girizilip, olarda elektron okuw-usuly maglumatlar, sapaklaryň wideoýazgylary, testleri we synaglary geçirmek üçin ulgamlary, gatnaşyk žurnallaryny, hasap-synaglaryň žurnallary ornaşdyryldy. Umumybilim edaralarynda “E-mekdep” ulgamy işlenip düzüldi we synagdan geçirildi. Bu ulgam arkaly ata-eneler dürli dersler boýunça çagalarynyň ýetişigi bilen tanşyp bilýärler.

2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça “Ýol kartasyna” gol çekildi. Bu resminamada häzirki zaman bilim ulgamynda ulanylýan öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary ulgamynda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary bellenilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň we Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän edaralarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň häzirki zaman binalary gurlup ulanmaga berilýär. Bu binalar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi. 2023-nji ýylda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr. Geçen ýyl birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz okuw maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, mekdepleriň okuw kitaplary bilen ýeterlik möçberde üpjün edilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Olaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, mugallymçylyk hünäriniň abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň terbiýeçisi” atly döwlet derejesindäki bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Milli bilim institutynda, Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde bilim işgärleri hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bagtyýar geljegi gurmagyň ýolunda üstünlikli ädimleriň aýdyň görkezijisi bolmak bilen, bilimler we ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara mynasyp bolmaklary munuň aýdyň güwäsidir. 2023-nji ýylda türkmen talyplary halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde 265 medal, şol sanda 58 altyn, 94 kümüş, 113 bürünç medal, toparlaýyn hasapda bolsa 4 altyn, 11 kümüş, 15 bürünç — jemi 30 medal gazanyp, birnäçe diplomlara mynasyp boldular.

Her ýyl döwlet derejesinde dürli ugurlar boýunça ders we taslama olimpiadalary, döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň hatarynda “Altyn asyryň altyn zehinleri”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşikleri görkezmek bolar. Geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çäreleriň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — ylham çeşmämiz» ady bilen döredijilik bäsleşigi we beýleki çäreler geçirildi. 2023-nji ýylda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 10 altyn, 15 kümüş, 58 bürünç medal, halkara internet olimpiadalarynda 81 altyn, 152 kümüş, 116 bürünç medal gazandylar, şeýle hem halkara internet olimpiadalarynda 14 müň 381 sany diploma mynasyp boldular.

Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, tejribe synaglaryny we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ugurlary ýyl-ýyldan giňeýär. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda alyp barmak, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan senagat-innowasion we maglumat-tehnologik gözlegleri, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge ýardam edýär.

Ylym — bu täze açyşlara ruhlandyrýan güýç, ösüşiň esasy hereketlendirijisidir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak, Diýarymyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak ylym ulgamyny ösdürmegiň baş maksatlarynyň biridir. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şol derejede ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamagyň möhümdigini nygtaýar. Şunda ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşykly işine diňe bir alymlaryň däl, eýsem, inžener-tehnologlaryň, oýlap tapyjylaryň, täzeçil çemeleşýän adamlaryň hem-de önümçiligiň öňdebaryjylarynyň işjeň gatnaşygy göz öňünde tutulýar.

2023-nji ýyl ýurdumyzyň ylym ulgamynyň netijeli ösýändigini görkezdi. Ylmy-barlag institutlarynda möhüm ugurlar boýunça ylmy işleriň onlarçasy alnyp barlyp, olaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanylmagy oňyn netijeleriň beýanydyr. Syn berilýän ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan “Mineral goşundyly sement” we “Gazy arassalaýjy desgalary arassalamakda peýdalanylýan ýuwujy serişdäniň düzümi” atly iki sany ylmy işe patent aldy. Türkmen alymlarynyň şeýle innowasion taslamalary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, daşyndan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik berýär. Institutyň hünärmenleri “Polimer we plastmassa materiallaryny gaýtadan işlemegiň ylmy usulyýeti” atly maksatnamanyň çäklerinde wakuum gurşawda nefras suwuklygyny ýygnamagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu senagat-tehniki önüm organiki dargadyjy hökmünde dürli pudaklarda we hojalykda ulanylýar. Täze himiki birleşmäniň önümçiligi “Nazarly gelejek” hojalyk jemgyýetiniň önümhanalarynda ýola goýuldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň alymlary tehnologik açyşyň awtorlary boldular.

Polipropileniň we polietilentereftalatyň polimer galyndylaryndan emeli himiki birleşmeleri almak boýunça alnyp barlan işler hem öz oňyn netijesini berdi. Bu ýerde gürrüň sintepon we geotekstil öndürmek barada barýar. Mysal hökmünde bellesek, bularyň birinjisi ýyly gyş eşiklerini, ýapynjalary, ýassyklary, düşekçeleri taýýarlamakda we başga-da dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Geotekstil bolsa ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, gaz we nebit geçirijileriniň, howa menzilleriniň, demir ýollaryň gurluşygynda giňden ulanylýar.

Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça maksatnamany işjeň durmuşa geçirmäge girişdi. Bu maksatnama ýurdumyzyň çäklerinde seýsmiki howplary anyklamaga gönükdirilen işleri amala aşyrmagy öz içine alýar. 2023-nji ýylda Aşgabat şäheriniň seýsmiki etrapçalarynyň täze kartasyny işläp taýýarlamak işi tamamlandy. Ony döretmek üçin institutda täze innowasion usulyýet işlenip düzülip, barlag guýularyny gazmazdan, geljegi uly ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň seýsmologiýa boýunça alymlary Arkadag şäheriniň çäginde bu usulyýeti ornaşdyrmaga girişdiler. “Aşgabat şäheriniň çäginde we onuň töwereginde seýsmologik barlaglar ulgamlaryny gowulandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde seýsmiki hadysalary ölçeýji stansiýalar hereket edip, olar gije-gündiziň dowamynda maglumatlary merkeze iberýärler.

Ýangyç-energetika toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmakda, energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmekde işler işjeňleşdirildi. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini öwrenmek arkaly alymlar elektrik energiýasynyň önümçiligini, uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak, ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça täze önümçilik tehnologiýasyny döredýärler, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary alyp barýarlar. Mundan başga-da, ylmy işgärler oba hojalygy, lukmançylyk, derman we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa, biolukmançylyk ýaly ugurlarda ylmy barlaglary geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki gaznasyny döretmek, ekologik meseleleri öwrenmek, milli emeli hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ulag-logistika merkezlerini döretmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary milli ylmyň okgunly ösýän ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny we ynsanperwer ugurlary sanlylaşdyrmak ileri tutulýan ugur hökmünde saýlanyp alnyp, häzirki zaman kompýuter ulgamlary, aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy toplumlaýyn esasda ornaşdyrylýar.

Ylymlar akademiýasynda köp sanly işläp taýýarlamalar amala aşyrylýar. Munuň özi gurak zolakda ekerançylygy, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmek üçin wajyp esas bolup durýan ekologik kartany döretmek arkaly “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kollektor-drenaž suw ulgamyny gidrohimiki taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Türkmenistanda Hazar deňziniň gurşawyny we biologik dürlüligini goramak, onuň tektonik-seýsmiki işjeňligini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň uglewodorod we beýleki serişdelerini özleşdirmegiň, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň, bu ýerdäki iri himiýa senagat, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şypahana-sagaldyş desgalaryny gurmagyň meýilnamalaryny nazara alanyňda, ylmy-tejribe taýdan ähmiýetlidir.

Ýurdumyzyň taryhyny we medeniýetini, şol sanda dil bilimini, etnografiýasyny, arheologiýasyny, halkymyzyň baý ruhy mirasyny, ajaýyp tebigy künjeklerini gorap saklamak we öwrenmek boýunça hem ägirt uly işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary beýik şahyryň we akyldaryň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgularyny, oňa degişli makalalary, monografiýalary halk köpçüligine yzygiderli ýetirýärler.

Häzirki zaman durmuş-ykdysady giňişligini innowasion tehnologiýalar bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şolaryň binýadynda bolsa ýurdumyzda durnukly ösüşiň täze, milli nusgasy kemala getirilýär. Munuň üçin täzeçil pikir-garaýyşlaryň ojagy hökmünde Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi çykyş edýär. Ol Diýarymyzda iň iri ylmy-tehniki we intellektual binýat hasaplanýar. Merkezde geografik maglumatlar ulgamynyň barlaghanasy hereket edýär. Onuň hünärmenleri uzakdan zondirlemek arkaly alynýan maglumatlary düşnükli dil görnüşine geçirmek, dürli ugra degişli interaktiw kartalary döretmek boýunça işleri geçirýärler. Häzirki döwürde geografik maglumatlar ulgamy ulag pudagyndaky toplumlaýyn wezipeleri çözmekde amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Ulag düzümleriniň çäk taýdan ýerleşmegi geografik maglumatlar ulgamynyň tehnologiýalary arkaly olarda nawigasiýa ulgamyny ornaşdyrmaga, dessin we hasaplaşyk işlerini geçirmek üçin amatly gurluşy emele getirýär. Geografik maglumat ulgamlary ulagyň ýerüsti we howa görnüşleriniň işini dolandyrmakda, demir ýol logistikasynda, awtoulag ulgamlaryny çäk taýdan bölmekde toplumlaýyn wezipeleri çözmekde hem-de deňiz-derýa gämiçiligini ösdürmekde ähmiýetli gural bolup hyzmat edýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda — nebitgaz, gurluşyk, oba hojalyk, lukmançylyk we derman senagaty ýaly köp ugurlarda giňden ulanylýar. Ylmy-barlag we innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, merkeziň her bir oýlap tapyşy öz ýokary hili, ýokary öndürijiligi hem-de işe girizilmeginiň ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täzeçil innowasion syýasaty esasynda ýurdumyzyň ylmy kuwwaty ýyldan-ýyla artyp, halypa-şägirtlik ýoly esasynda tejribeli alymlaryň alyp barýan ähmiýetli ylmy gözleglerine ýaş nesliň wekilleri hem çekilýär. Şu maksat bilen, her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirilýär. 2023-nji ýylda guralan foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, mugallymlar we ýaş oýlap tapyjylar bilen birlikde, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän goldawy we ünsi netijesinde, ýurdumyzda innowasion işler üçin döwrebap ylmy infrastrukturanyň, amatly şertleriň bardygyny belläp, giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli guralan çärelere hem-de ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşdylar. Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşyjylaryň sany ýylsaýyn artýar. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda oňa ýaş alymlaryň we talyplaryň jemi 1362-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşigiň eminleri ähli bäsdeşleriň içinden ýaş alymlaryň 67-sini ýeňiji hökmünde saýlap aldylar. Bäsleşige, esasan, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýerine ýetirilen möhüm mowzuklarda nazary we amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hödürlenilýär.

27-nji dekabrda paýtagtymyzda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň geçirilmegi 2023-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Forumyň çäklerinde 2023-nji ýylyň dowamynda aýratyn tapawutlanan, berkarar Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegine saldamly goşant goşan ýaş türkmenistanlylara döwlet sylaglarynyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň Hormat hatlarynyň hem-de sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.

Şeýlelikde, milli ylym-bilim ulgamynyň geçen ýyldaky üstünliklerini, ýakyn we uzak geljek üçin halkymyzyň öňünde duran ägirt uly wezipeleriň durmuşa geçirilişini hasaba almak bilen, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşleri üçin möhüm bolan hünärmenler düzüminiň berk binýadyny üpjün etjekdigini ynamly aýdyp bileris.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow