Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 29.12.2023
2351

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Parlamentara gatnaşyklar olaryň möhüm bölegidir we Siz bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly şahsy goşandyňyzy goşýarsyňyz.

Moskwanyň hem-de Aşgabadyň ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürjekdigine, sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň bähbidine tagallalary birleşdirjekdigine ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan we hut öz adymdan täze — 2024-nji ýyl mynasybetli gutlamaga şatdyryn.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilen ýylda sebit hyzmatdaşlygy işjeňleşdirildi, Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň çäkleriniň daşynda parahatçylyk medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna, ynanyşmak we özara düşünişmek gurşawynyň kemala getirilmegine uly goşant goşuldy.

Ýokary wekilçilikli edaranyň ýolbaşçysy hökmündäki işiňiziň döwlet üçin möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň halkynyň bähbidine täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde we ählumumy derejede möhüm wezipeleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini gözlemekde sebit hem-de sebitara dialogy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Sebit merkeziniň alyp barýan işine berýän goldawyňyz üçin aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Kaha IMNADZE,
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow