Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasat habarlary
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 07.12.2023
1046

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, rowaçlyk, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-kuweýt döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Mejlisiň Başlygy Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ilerledilişi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýeh ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan dostlukly türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


* * *


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men Bader Abdullah Almunaýehi Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň iş başarnygydyr tejribesi öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň ynamyňyza hem-de hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilik berjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden onuň meniň adymdan aýtjak ähli sözlerine, aýratyn-da, Size we Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber AL-SABAH,

Kuweýt Döwletiniň Emiri.

Soňky habarlar
14.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
14.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
14.10
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
14.10
Daşary işler ministrligindäki brifing
14.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 142 müň dollaryna golaý boldy
13.10
Magtymgulynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni dilindäki neşiri tanyşdyryldy
13.10
Dostluk köprülerini berkidip
12.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
12.10
Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama
12.10
Ýagmurow A.B. hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow