Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Çap edildi 06.12.2023
2738

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň wise-prezidentini myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi we şu gezekki saparyň çäklerindäki gepleşiklerdir duşuşyklaryň iki döwletiň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkiýe bilen strategik, uzak möhletleýin häsiýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň, ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň we gepleşikleriň köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam edýändigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygyny, işewürlik maslahatyny we ikitaraplaýyn gepleşikleri ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Nygtalyşy ýaly, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi häzirki günüň möhüm wezipesidir.

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň we işewürlik maslahatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Olaryň maksady netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, özara hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman iki halkyň taryhynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumydygyny bellediler. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow