Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 05.12.2023
1413

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biauwdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Doly ygtyýarly wekil mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Benin Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk, ykdysady ösüş we abadançylyk maksatlaryndan ugur alýan oňyn döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Ählumumy derejede parahatçylygyň, durnuklylygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we onuň köpugurly işleri, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi.

Akambi Andre Okunlola-Biau Benin Respublikasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Akambi Andre Okunlola-Biauwy Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ukyp-başarnyklary özüne ynanylan ýokary wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyny gazanmaga, bildirilen ynamy mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize uly hormat goýýandygym we dostluk baradaky ynandyrmalarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Patris TALON,
Benin Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow