Özara bähbitli hyzmatdaşlyk, halkara giňişlikde netijeli dialogy ilerletmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adam hakynda hemmetaraplaýyn aladany we onuň abadançylygyny baş maksat edinýän syýasatynyň esasy ugurlary bolmagynda galýar.
20-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, ähli welaýatlarda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalaryna daşamak, talabalaýyk saklamak we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň meýdanlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, pagta ýygymynyň depgininiň güýçlendirilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda berjaý edilmegini we beýleki ekinleriň, hususan-da, şalynyň, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly anyk görkezmeler berildi.
Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.
22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigini aýtdy. Malaýziýanyň “PETRONAS” nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygyna we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini belläp, munuň ajaýyp söz ussadynyň umumadamzat medeniýetine goşan goşandynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. “Geljek ýylda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreler geçiriler” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de halkymyzy bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýangyç-energetika toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini kämilleşdirmek, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Kanunyň taslamasynyň taýýarlanylyşy, Türkmenistanyň Halkara howa menzilleriniň işiniň raýat awiasiýasy ulgamyndaky halkara standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek, deňiz gämiçiligini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ählumumy metan borçnamasynyň şertleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly amala aşyrylýan çäreler mejlisiň aýratyn meselesi boldy. Şeýle hem metan gazynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak, şol sanda ony energetika, senagat we ulag ulgamlarynda döwrebap, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna azaltmak üçin teklip edilýän anyk çäreler barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň hereket edýän ylmy-barlag institutlarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, olarda ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi hem-de döwlet konsernleriniň işinde ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň maslahatlaryndan netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatyny bellemek gerek. «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýokarda agzalan Kanunlaryň taslamalary boýunça tekliplerini nazara alyp, Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. Mejlisde nygtalyşy ýaly, Döwlet býujetiniň esasy bölegi aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna, bu ugurdaky taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdiriler.
Mundan başga-da, «Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, şeýle-de Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda degişli Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Geçen hepdede Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty badalga aldy. Çäräniň açylyş dabarasy Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk zalynda geçdi. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň iň gowy meýdançalary erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda hem 8 agram derejesindäki gyzykly tutluşyklar üçin bölünip berildi.
Şeýle hem Aşgabatda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforum geçirildi. Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda guralan mediaforum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi. Dünýä çempionatynyň maksatnamasynda halkara tälimçilik we eminlik okuw sapaklary hem göz öňünde tutuldy. Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi. Şeýle hem ýaryşlary «TürkmenÄlem 52оE» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik döredildi.
Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli paýtagtymyzda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş etmek bilen, bu meseleleriň diňe bir milli we sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde-de çözgüdini tapmaga çagyrýar. “Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul etdi. Bu möhüm resminamalar Türkmenistanda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkara derejede rowaçlanýandygynyň güwäsidir” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Umumy we bölümçedäki mejlisleriň dowamynda bu ulgamda toplanan dünýä tejribesi, durnukly ulagyň geljegi, ulgama döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýük daşamalaryň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek, ulagyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny azaltmak, multimodal ulag gatnawlaryny ösdürmek, ekologik taýdan arassa ulaglaryň sanyny artdyrmak, durmuş ugurly ulag infrastrukturasyny döretmek, ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda Türkmenistanda strategik taýdan bu möhüm ugurda durmuşa geçirilýän başlangyçlara aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler sebitde üstaşyr gatnawlaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, ýurduň ulag ulgamynyň durkunyň düýpli täzelenilmegi we ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly açyljak ägirt uly mümkinçilikler barada umumy pikirlerini beýan etdiler.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda ýene bir ajaýyp sahypany açyp, Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen syýasy dialogy üstünlikli giňeldýändiginiň, daşary ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dürli ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygynyň aýdyň beýany boldy.