Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 27.11.2023
1865

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amar Belaniden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan doly ygtyýarly wekili diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa özara bähbitli hyzmatdaşlygy we netijeli döwletara dialogy ösdürmegiň bähbidine jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ykdysady ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy, ählumumy rowaçlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksatlary hem-de dürli ulgamlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy.

Mejlisiň ýolbaşçysy we diplomat ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Amar Belanini Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Amar Belaniniň ukyp-başarnyklary we tejribesi özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyny gazanmaga mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk hem-de dostlukly türkmen halkyna gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Abdelmajid TEBBUN,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow