Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Çap edildi 03.11.2023
2409

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň – Türkmenbaşy etrabynda guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerden sanly ulgam arkaly «Mary — Ahal» asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge we ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna birikdirmäge ak pata berdi. Mary we Ahal döwlet elektrik stansiýalarynyň hünärmenleri düwmäni basmak bilen täze asma elektrik geçirijisini ulanmaga berdiler.

Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gaz turbinaly energiýa bloklarynyň gurluşygyna hem-de hereket edýän elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna badalga berdi.

Soňra dabaralar Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde dowam etdi. Bu ýerde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen degişli durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata berdi we ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda geljekki toplumyň binýadyna pil bilen ilkinji beton garyndysy guýdy.

Soňra Arkadagly Serdarymyz kuwwaty 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi we ýagşy işlere we başlangyçlara ak pata bermek ýaly halkymyzyň nesilden nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady we hormatly ýaşulular bilen bilelikde geljekki elektrik stansiýanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Bu ýerde dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar.

Soňky habarlar
26.08
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.08
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
25.08
Ýokary hilli hünär bilimi — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar
23.08
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
top-arrow